Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň halkara abraýy günsaýyn ilerleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyz dünýäniň iri halkara guramalary we döwletleri bilen özara hem-de köpugurly hoşniýetli hyzmatdaşlyklary alyp barýar. Hususan-da, bu babatda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynda öz üstüne ýüklenen wezipe borçlaryny mynasyp derejede ýerine ýetirip, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ählitaraplaýyn ýardam berýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleri wagyz etmek, halkara guramalaryň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürmek ugrunda uly tagallalary edýär. Halkara gatnaşyklarda parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgelerini ilerledip, medeni dialogy, hoşniýetli goňşuçylygy, birek-birege hormat goýmagy berkitmek, özara ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen, parahatçylyk döredijilikli işi amala aşyrýar. Ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça halkara giňişlikde öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler tarapyndan yzygiderli goldanylýar.
Muňa mysal edip 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň awtordaşlary bolup 86 döwlet çykyş etdi.
Aşyrmämmedowa Tylla
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Türkmen dili we edebiýaty huünäriniň 4-nji ýyl talyby