Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni her ýyl halkymyz tarapyndan uly ruhubelentlik bilen bellenilýär.

Garaşsyzlyk, halkymyzyň iň gymmatly gazananlarynyň biridir. Garaşsyz döwlet bolmak biziň ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen arzuwynyň amala aşmagydyr. Bu beýik gymmatlyk diňe bir syýasy özbaşdaklygy aňlatman, eýsem halkymyzyň erkana durmuşy, milli bitewüligi, türkmen halkynyň öz ykbalyny öz erk-islegi bilen kesgitlemeginiň güwäsi bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň milli Garaşsyzlygymyzy berkitmek, ýurdumyzy gülläp ösýän döwlete öwürmek ýaly, beýik maksatlar bilen başyny başlan düýpli özgertmeleri häzirki taryhy döwrümizde üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gazanylýan syýasy üstünliklerdir ykdysady ösüşler, durmuşymyzyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan tutumly işler döwletimiziň Garaşsyzlyk binýadynyň mizemezligini üpjün edip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryndaky ornuny barha berkidýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň durnukly ösüşine mynasyp goşant goşmagy bolsa, halkara abraýyny has-da belende göterýär.

Berkarar döwletimiziň özygtyýarlylygyna esaslanýan ykdysady ösüşler, halkymyzyň ruhubelentligi, durmuşyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler türkmen Garaşsyzlygynyň halkymyzyň durmuşyny, geljegini we abraýyny dünýä ýaýýan gymmatlykdygyny äşgär edýär. Bu şanly baýramçylyk halkymyzyň milli bitewüliginiň, özbaşdaklygynyň dabaralanmasydyr.

Meredow Nurmuhammet

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Türkmen dili we edebiýaty huünäriniň 4-nji ýyl talyby