Bedew bady bilen öňe barýan berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, milli we ählumumy derejede ýurdumyzda toplumlaýyn uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda esasan hem ýurdumyzda ilatly ýerleriň köpelýändigini şeýle-de ulag kommunikasiýalarynyň, senagat düzüminiň ýokary depginler bilen ösýändigi bilen baglylykda ýaşyl zolaklary we tokaýlyklary döretmek göz öňünde tutulýar.

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek tebigaty gorap saklamak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde döwletimiz iri halkara guramalary, düzümleri bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Ýurdumyz häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy ýaly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli, köptaraplaýyn işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Mundan başga-da ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça konwensiýalaryň hem köpüsine goşulandyr.

Ýurdumyzda adamlaryň arasynda ekologik bilimleri giňden ýaýratmak, ekologiýa howpsuzlygy babatyndaky maglumatlar bilen ilaty habarly etmek, tebigaty goramagy wagyz-nesihat etmek meseleleri bilen baglanyşykly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Döwletimiziň Esasy Kanunynda her bir adamyň tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçlarynyň berkidilmegi olaryň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagynyň kepili bolup durýar. Ýurdumyzda ekologik bilime we terbiýä möhüm ähmiýet berilmegi ýaş nesliň bu ugurda sowatly, daşky gurşawy goramaga mynasyp goşandyny goşup biljek adamlar bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigini alamatlandyrýar.

Şu pursatdan peýdalanyp il-ýurt, sebit we dünýä ähmiýetli şeýle beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Ahmet MUHAMMETKULYÝEW,

Türkmenistanyň  Serhet institutynyň  3-nji ýyl harby talyby.