Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen düýpli özgertmeler ýurdumyzyň keşbini tanalmaz derejede özgertdi. Gazanylan ägirt uly üstünlikler döwlet ösüş ugrunyň oýlanyşykly saýlanyp alnandygynyň görkezijisi bolmak bilen, bu ugry eziz Diýarymyzyň ykbaly we geljegi üçin jogapkärçilik çekýändiklerine düşünýän ähli türkmenistanlylaryň giňden goldaýandygynyň beýany boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmegi we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy baş maksat hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeler syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär.
Häzirki döwürde ýaş nesiller bilimlerini we zehinlerini dürli ders olimpiadalarynda, döredijilik bäsleşiklerinde, sungat festiwallarynda, sport ýaryşlarynda görkezýärler, döwlet hem-de hususy düzümlerde üstünlikli zähmet çekip, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösdürilmegine işjeň gatnaşýarlar.
Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksadaokgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalaryň ediljekdigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutany wezipesine girişen pursatynda hem belläp geçipdi. Ýaşlarymyz munuň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini ösüşlere beslenýän ajaýyp döwrümiziň bagtyýar günleriniň her bir pursatynda janly şaýatlary bolýar.
Firuza Dosçanowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby .