Berkarar dowletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, ýolbaşçylygynda daşary syýasatymyzyň ösmegi ugrunda örän uly işler durmuşa geçirilýär.
Däp bolşy ýaly Türkmenistan parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek ugrundaky halkara başlangyçlaryň awtory hökmünde çykyş edýär. Şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde we onuň daşynda wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga işjeň gatnaşýar.
Türkmenistan ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegi bilen bagly başlangyçlar, energetika we ekologiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyklar esasy ünsi çekmäge mynasypdyr. Durnukly ösuşe göni baglylygyny göz öňüne tutup energetika howupsyzlygy we daşky gurşawy goramak meselesini çözmek başlangyçlary boýunça Türkmenistan sebitde öz wagtynda we gaýragoýulmasyz gözdengeçirmeklige mynasyp hyzmatdaş höküminde garalýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleri wagyz etmek, halkara guramalaryň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürmek ugrunda uly tagallalary edýär. Halkara gatnaşyklarda parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgelerini ilerledip, medeni dialogy, hoşniýetli goňşuçylygy, birek-birege hormat goýmagy berkitmek, özara ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen, parahatçylyk döredijilikli işi amala aşyrýar.
Orazsähedowa Aýsenem
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Ýapon dili we edebiýaty hünärinin 4-nji ýyl talyby