Häzirki wagta ylym, bilim ulgamynyň ösüşi bilen bir hatarda Milli ykdasydyýetimiz hem gün-günden täze ösüşlere eýe bolýar. Milli ykdysadyýetimii döwrüň alabyna görä alyp barmakda sanlaşdyrmak, sanly tehnologiýalary ulanmak işi yygiderli ýola goýulýar. Halkara derejesinde «Kompýuter dünýäsiniň» giňden ýaýrap ösmegi netijesinde häzirki zaman zawodlardyr fabrikleriň awtomatlaşdyrylan maglumat tehnologiýalarynyň kömegi arkaly dolandyrylmagy şu günki günüň kärhana-edaralarynyň, ofisleriniň iş dolandyryjylygy hem döwre laýyk derejede dolandyrmaklyga mynasypdyr.

Şoňa görä-de administratiw-dolandyryş häsiýetli meseleleriň awtomatlaşdyrylmagynyň esasy maksady her bir edara-kärhananyň ykdysady ösüşiniň ýokarlanmagy bolup durýar.

Berkarar döwletiň Täe eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösen bazar ykdysadyýetiniň iň esasy görkezijileriniň biri hem ykdysady gatnaşyklaryň, düzülýän hasabatlaryň kompýuterleşdiriş derejesiniň iň ýokary derejesindedigi bilen tapawutlanýar. Bazar ykdysadyýetiniň kärhanalary, edaralary özüne zerur dolandyryş maglumatlaryny tizden-tiz dünýäniň kompýuterleşdirilen tory arkaly islendik künjeginden alyp, olara baglylykda dolandyryş çözgüdini taýýarlap bilýärler. Bazar ykdysadyýetiniň kärhanalarynda we edaralarynda kompýuterleşdirilen maglumat dolanyşygy we çözgütleriň taýýarlygy diňe döwrebap maglumat ulgamynyň taslamasy işlenip taýýarlanylanda hem-de ornaşdyrylanda mümkindir.

Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösýän ykdysadyýeti dünýä derejesindäki kompýuterleşdirilýän ulgamlara esaslanýar. Döwletiň her bir ykdysady dolanyşygynyň pudaklarynyň her biriniň merkezi dolandyryş edaralary kompýuter tory bilen üpjün edilendir. Dolandyryş edaralaryndaky kompýuter torlary arkaly olardaky bölümleriň we işgärleriň özara maglumat alyş-çalşygyny elektron resminamalar arkaly kagyzsyz amala aşyrýarlar.

Türkmenistanda maglumat tehnologiýalaryny ykdysady we durmuş ulgamlarynda kanuny esasda ulanmak üçin «Elektron resminamalar hakynda Türkmenistanyň Kanuny» kabul edildi.

Döwletiň ykdysady dolandyrylyşynda maglumatlary işläp taýýarlamak, dolandyryş çözgütleriniň birnäçe görnüşlerini häzirki zaman döwleti we ykdysadyýeti dolandyryjy menejerleri üçin taýýarlamak, edara ara we halkara maglumat alyş-çalşygyny guramak, döwürleýin ykdysady we dolandyyrş hasabatlaryny düzek bilen olar häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynda alyp barylýar.

Häzirki wagtda ylmy-tehniki progresiň ösmegi bilen mümkinçilikler artdy. Bilimi her dürli usullar bilen alyp bolýar, şol sanda bilim almagyň bir usuly – ol hem Internet global ulgamyny ulanmakdyr

Internet global ulgamy, hakykatdan hem, bilimiň ummasyz çeşmesidir. Internetde gözleg serwerleriniň üsti bilen dürli ugurlar boýunça kataloglar, giper ýüzlenmeler bar. Meselem, ykdysadyýet, bilim, ylym, işewürlik, teleradiokommunikasiýa, medisina, sungat, habarlar, söwda we ş.m. ugurlar boýunça kataloglar bar. Gyzyklandyrýan ugur boýunça kataloglardan islendik maglumatlary alyp bolýar. Ulanyjylar Interneti ulanyp, gerekli maglumatlardan peýdalanyp, bilimlerini artdyrýarlar.

Häzirki wagtda ähli edara-kärhanalarda, hususan-da, orta we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtlaryň bilim ulgamlarynyň standartlary öwrenilip, ýaşlara goşmaça bilim bermegiň, milli medeniýetiň, gymmatlyklaryň esasynda bilim bermegiň usullary, häzirki zaman maglumat tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Şol tehnologiýalaryň kömegi bilen ylmy-barlag edaralary, orta we ýokary okuw mekdepleri türkmen milli ylym-bilim toruna birikdirildi we olar bütindünýä Internet ulgamynda öz maglumat sahypalaryny açdylar.

Elektron kitaphanalaryň kömegi bilen kompýuter ulanyjylara öz kompýuterlerinde gerek bolan maglumatlary bilmek, gözlemek, tanyşmak üçin gysga wagtyň dowamynda gerek bolan maglumatlary almaklyga mümkinçilik döreýär.

Nyýazmyrat GULMYRADOW,

 Köneürgenç  etrabynyň  2-nji orta mekdebiniň  iňlis  dili mugallymy.