Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskä Tähran şäheriniň Ymam Homeýni adyndaky halkara howa menziliniň golaýynda «Ukrainanyň halkara howa ýollary» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.
8-nji ýanwarda irden «Ukrainanyň halkara howa ýollary» awiakompaniýasynyň «Boing 737» uçary Tähranyň howa menzilinden uçandan soňra heläkçilige uçraýar. Awiaheläkçilik netijesinde 176 adam aradan çykdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň Prezidentine gynanç bildirdi

RU












