Informasiýany saklamak we geçirmek üçin serişdeler dürli aýrylýan ýygnaýjylar bolup durýar. Häzirki wagtda göwrümliligi, ygtybarlygy we amatlylygy bilen tapawutlanýan köp dürli serişdeler bardyr.
Optiki göterijiler
Bu topara disk diýlip atlandyrylýan CD-R we CD-RW (göwrümi 700 Mb), DVD-R (göwrümi 4,7 Gb-9 Gb), DVD-RW (göwrümi 4,7 Gb) ýygnaýjylar girýär. Optiki göterijiler – faýllary geçirmek we saklamak üçin ýeterlikçe derejede ygtybarly we amatly serişdedir. Olar ýeterlikçe uly göwrüme hem-de okamak-ýazmak üçin ýokary tizlige eýedir. Informasiýany okamak üçin kompýuterleriň ählisinde bardyr. Okamak üçin CD-R we CD-RW – CD-ROM, DVD-R we DVD-RW üçin bolsa, DVD-ROM. Göterijiniň adyndaky -R goşulmasy diskiň bir gezek ýazylýandygyny görkezýär. -RW goşulmasy göterijiniň gaýtadan ýazylyp bilýändigini aňladýar.
CD-ROM göterijiniň informasiýany üstüne goşmaça ýazyp bilýän görnüşi bolup Photo CD çykyş edýär. Diske bir wagtda informasiýanyň ýazylmagyna sessiýa (session) diýilýär. Degişlilikde köp gezekleýin ýazga multisessiýa (multisession) diýilýär. Her sessiýanyň özüniň atlandyrylyşyny talap edýändigini göz öňünde tutmak gerek, sol sebäpli, sessiýalaryň näçe köp sany ulanylýan bolsa, şonça hem diskde informasiýanyň az mukdary bardyr. Häzirki wagtda multisessiýany işläp taýýarlap bilýän hem-de Photo CD diskleri aýtdyryp görkezip bilýän disk okaýjylar bardyr.
Blu-Ray tehnologiýasy
Blu-Ray Disс – indiki nesliň gaýtadan ýazylýan diski,onuň ölçegi standart CD/DVD diskleriň ölçegine, ýagny 12 sm barabar, ýazgynyň maksimal göwrümliligi bir tarapda bir gatlakda 27 Gb-a çenli.
Blu-Ray adyndan gelip çykyşy ýaly diski ýazmak we görkezmek üçin, DVD we CD-ROM disklerde peýdalanylýan gyzyl lazere derek, gök lazer ulanylan (blue-violet laser).
Gaty diskler
Gaty disk ýa-da winçester maglumatlary uzak wagtlap saklamak we ulanmak üçin gulluk edýär.
Artykmaçlyklary:
– örän uly göwrümi bar;
– ulanylanda aňsatlyk we ygtybarlylyk;
– bir wagtda müňlerçe faýllara ýüzlenmek mümkinçiligi;
– maglumatlara bolan elýeterliligiň ýokary tizligi.
Daşky gaty diskler
Bu gurluşlar kompýutere USB, eSATA ýa-da IEEE-1394 (oňa durmuşda, köplenç, «faýrwar» diýilýär) interfeýsleri arkaly birleşýärler. Olar özlerinde gaty diskleriň we aýrylýan göterijileriň artykmaçlyklaryny jemleýärler. Ýeterlikçe uly göwrümleri (40 Gb-1 Tb) ýokary öndürijilikleri bolmak bilen, daşky gaty diskleri geçirmek aňsat hem-de ýeňillik bilen «gyzgyn» birikdirmäni amala aşyryp bolýar. Daşky gaty disk informasiýanyň uly göwrümlerini başga göterijilere ýazmak kyn bolanda ony geçirmek üçin örän zerur bolmagy mümkin. Şol bir wagtda hiç zady hiç ýere geçirmek gerek däl stasionar ýagdaýda, ony adaty gaty disk hökmünde ulanyp bolýar.
Fleş ýadyndaky USB ýygnaýjylary
Durmuşda olara fleş diýilýär, iňlis dilinde bolsa – USB Flash Drive. Informasiýany saklamak we geçirmek üçin ol örän amatly, tiz we ygtybarly serişdedir. Häzirki za man fleşleriň göwrümi 1-32 Gb we ondan hem ýokary. Bu gurluşyň uly artykmaçlygy şundan ybaratdyr: operasion sistema ony aýrylýan ýygnaýjy hökmünde tanaýar hem-de onuň içindäki faýllar bilen edil gaty diskdäki ýaly işläp bolýar. Mundan başga-da, ol iň ykjam ýygnaýjydyr.
Häzirki zaman gurluşlar örän kiçi ölçeglere eýe, özem urgudan we çygdan goranylan modelleri bardyr, bu bolsa işjeň durmuşy alyp barýan adamlar üçin örän ýerliklidir. Emma ygtybarlyga garamazdan, fleş kompýuterden nädogry çykarylanda maglumatlaryň ýitmegi mümkindir. Şol sebäpli çykmazdan öň ony operasion sistemanyň häsiýetlerinde programma taýdan öçürmelidir.
Ösüşiniň geljegi
Häzirki wagtda bar bolan tehnologiýalaryň häzirki döwrüň, şeýle hem ýakyn geljegiň talaplaryny kanagatlandyrýan ýagdaýy, eýýam şu wagt olara alternatiwa gözlemek üçin toplumlaýyn barlaglary geçirmäge päsgel berýän däldir.Ýagny Intel kompaniýasynyň bölümçeleriniň biri ýeterlikçe uzak wagtdan bäri Ovonic Unified Memory atly (OUM, amorf ýarym geçirijilerdäki ýat) ýadyň täze görnüşini işläp düzmek üçin iş alyp barýar. Hakykatda, ýokary temperaturanyň täsiriniň astynda halkogenid materialynyň ýagdaýynyň üýtgemeginiň şol bir usuly peýdalanylan, emma CD/DVD tapawutlylykda materialyň gyzdyrylmagy lazer bilen däl-de, elektriki togy arkaly amala aşyrylýar. Şeýle çemeleşme maddanyň iki ýagdaýyny (kristal we amorf) üpjün edip bilýär.
Bu tehnologiýa önümçilik çykdajylaryny 10-15% peseltmäge we fleş- ýadyň çiplerini ýasamak prosesini düýpli ýönekeýleşdirmäge, ýakyn geljekde bolsa mikroshemalaryň bit göwrümini iki esse artdyrmaga mümkinçilik berýändigi barada habar berilýär. Ýöne tiz hereketlilik, ygtybarlylyk we funksionallyk ýaly görkezijiler üýtgemez – olar bar bolan nesliň fleş-ýadynyňky.bilen deňeşdirilen ýagdaýynda galar.
Infineon işläp düzüjileri fleş mümkinçiliklerini nanotehnologiýanyň kömegi bilen giňeldip bolýandygyna ynamlary bar, emma bu ýada «fleş» diýmek adalatly bolar my diýen pikirlerini aýdýarlar.
DVD diskler üçin özüni ýok ediş sistemasy Flexplay DVD diskleriň ynsapsyz eýeleri bilen göreşmegiň gyzykly sistemasyny işläp düzüpdir. Belli bolşy ýaly, kanunçylyk boýunça DVD diskleriň prokady gadagan edilen. Tehnologiýa ýakyn golaýda Disney kompaniýasy tarapyndan durmuşa ornaşdyrylar. Diskler, Ez-d diýlip atlandyrylan proses olary işe ýarawsyz ýagdaýa getirenden soň öz işini bes ederler. Disk gabyndan çykarylandan soň, takmynan, 48 sagadyň dowamynda ulanylyp bilner. Diskiň üstüniň kislorod bilen bellibir wagt aralygyň dowamynda özaratäsir etmegi diskiň ýüzünde aýratyn gatlagy döreder, şol sebäpli okamak prosesi mümkin däl bolar. Emma belli bolan programma üpjünçiligiň kömegi bilen disk işläp duran mahaly onuň düzümini gaty diske göçürip bolýandyr.
Divx
Digital Video Express kompaniýasy kinofilmleri bir gezek ýazmak üçin, täze Divx – diskiň formatyny işläp düzüpdir. Şeýle formatyň işlenip düzülmegi wagtlaýyn wideoprokat sistemasynyň guralmagy bilen baglydyr, şonda diski satyn almak bilen, ony gaýtarmak gerek däl bolar. Ony diňe Divx aýtdyryjylarda birinji gezek aýtdyrylandan soň iki günüň dowamynda işledip bolar. Şu formaty goldamak barada Disney, Dream-Works, Paramount, Universal we ş.m.ýaly uly golliwud kompaniýalary aýdypdyrlar.
Bu disk telewizora çatylýan öý DVD-aýtdyryjylar bilen laýyk gelmeýär. Divx – gönümel aýtdyryjyda gurnalan sistemanyň adydyr, ol ulanyjylara, diski satyn alnan gününe bagly bolmazdan iki günüň dowamynda wideofilmi ulanmaga mümkinçilik berýär. Divx ideýasy diskiň içinde ýazgynyň bozulmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Wideofilmi täze möhletiň dowamynda ulanmak üçin hukuga eýe bolmak üçin aýtdyryjy bilen birikdirilen aragatnaşygyň modem ugruna baglaşmak gerek bolar, ol Divx Central serwis merkezi bilen informasiýany alyş-çalyş etmek hem-de sanaýjyny yzarlamak üçin birikdirilendir.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika instituty Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary fakulteti Kompýuter ulgamlaryň programma üpjünçilikleri hünäriniň 1-nji ýyl talyby Atakaýew Döwlet