Dolup sary ýapraklaryň goýnuna,

Maýyl edýär görküne ajap tylla güýz.

Sungat sen, eser sen, pasyllar içre,

Pikir hyýalynda ajap tylla güýz.

Ýaz hem geler al-ýaşyla bürenip,

Tomus bolsa ýyly mährine çoýup,

Güýz hem agaçlardan ýapragyň gaýyp,

Gyşa nazar aýlar ajap tylla güýz.

 

Sende jemlenendir sada göwünlik ,

Sen göýä aglaýaň, ýa-da sen sessiz,

Meňzeýäň sen misli soňsuz ömüre,

Saz bilen wasp etsem ajap tylla güýz.

 

Ýyllar geçýär döwür ýene aýlanýar,

Uly köçelerde pikire şaýlanýas,

Sary ýapraklardan göwün taplanýar.

Gülýäs, dymýas, geçen bilen tylla güýz.

 

Ýodalardan assa-assa uz basyp,

Gelýärler aşyklar bir-birine ýaraşyp,

Dolanmajak ýaly yzyna gaýdyp

Aýralyk günlerden dolan tylla güýz.

Aglaýan dek bu mähirli göwünler,

Adam adamyna baglan düwünler

Çözülmejek ýaly ýöne çözüler,

Ynsan ýaprak deýin bolmaz tylla güýz.

 

Bagly bize bagly tylla ýodalar,

Ölüm bilen ölçenmesin ömürler

Waspyn eder altyn güýzi şahyr Ezizow

Giňdir waspyň ýazsaň soňsuz tylla güýz.

 

Gutarma ýok, kemelme ýok, doýma ýok,

Durmuşyň waspyny jemläp bolanok.

Sözim kändir güýzüm şygryň soňy ýok,

Sensiň pasyllaryň şasy tylla güýz

Selbi Aşyrowa

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby