Häzirki döwürde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen ägirt uly özgertmeler ylmy taýdan düýpli esaslandyrylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Ylmy önümçilik bilen berk baglanyşdyrmak, oňa ylmyň gazananlaryny, dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak esasy wezipeleriň biridir. Döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynyň kemala getirilmeginiň binýady bolan ýokary hilli bilim ýurdumyzyň ykdysadyýetini üstünlikli ösdürmegiň möhüm düzüm bölegidir. Elbetde, ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman düýpli ylym ulgamyny döretmäge gönükdirilen ylmy tehniki syýasat ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna täze, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmakdan, ylym we tehnika babatda öňde duran maksatnamalarymyzy ütünlikli durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

Ylmy işleri alyp barmak ýokary netijeler gazanmak babatda Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan köp sanly işler alnyp barylýar. Ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherindäki Oba hojalyk pudagynyň binasyna baryp ylmy-barlag institutlaryň direktorlary bilen duşuşanda hem:

__ Ylmy çeşmeler hemişe-de özüniň gowy netijesini berýär. Ähli işleri öz wagtynda we agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirseň, azabyň ýerine hem düşýär. Orup alan bugdaýyň her bir dänesi dykyz, dokmaňyz bolýar. Şeýle berekedi beýleki ekinlerden hem almagy başarmaly – diýip belläp geçdi.

Mundan başga-da Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnalyp alnan galla hasylyny elewatorlarda, däne ammarlarynda talabalaýyk saklamagyň, bu işe hemişe berk gözegçilik etmegiň, hasylyň kabul edilişini, guradylyşyny, sarp edijilere ugradylyşyny ýokary derejde guramagyň möhüm meseledgini aýratyn belledi.

Öraýew Hudaýar,

Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.