Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli pudaklar bilen bir hatarda obasenagat toplumy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Häzirki wagta ilatymyzy ýylyň islegdik paslynda ter gök önümler bilen üpjün etmek döwrüň talabyna öwrüldi diýsek hem ýalňyşmarys. Bu işleri yzygiderli, üznüksiz önümçiligi alyp barmakda bize döwrebap ýyladyşhanalaryň köp sanlysy gerek bolup durýar. Ýyladyşhanalarda ýylyň islendik paslynda gök ekinleri ösdürip ýetişdirmek mümkinçiligi bardyr.
Häzirki wagtda ösen dünýäde adamlar tebigata bagly däl ýagdaýda, emeli şertlerde hem iýmit üpjünçiligini amal etmek mümkinçiligine eýe boldy. Şonda ýyladyşhanalara uly ornuň degişlidigini wagt hem-de tejribeler görkezdi. Şeýdip ýurduň içki meselesi bolan azyk howpsuzlygynda hem-de daşarky bazara çykmak bilen bagly eksport meselesinde ýyladyşhanalaryň biçak uly mümkinçilikleri biziň günlerimizde barha giňemek bilen. Hasyllyk hem, tohumçylyk hem ylmy-innowasion esasda barha kämilleşip barýar.
Ýyladyşhanalaryň esasy üç görnüşi bolup olara adaty, döwrebap we “Horizontal farming” degişlidir. Dňwrebap ýyladyşhanalar adaty görnüşden tapawutlylykda, has köp hasyl berýär. Döwrebap ýyladyşhanalarda ýetişdirilen pomidoryň bir gektarynda biziň ýurdumyzda 250-300 tonna çenli hasyl alma mümkinçiligi bardyr. Bu bolsa adaty ýyladyşhanalar bilen deňeşdireniňde uly görkezijidir.
Gunça Ömürsöýünowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.