Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata watanymyz Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek boýunça uly göwrümler işler alnyp barylýar. Bu ugur boýunça döwlet maksatnamalary we maksatlaýyn taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Pudagyň infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar. Ýurtda lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak – bu geçirilýän işleriň esasy maksady bolup durýar.

Stomotologiýanyň dünýä ösüş akymlary we ýokary halkara ülňüleri geçen ýylyň tomsunda işe başlan iň häzirki zaman Stomotologiýa merkeziniň döredilmeginiň esasynda ýatyr. Şeýle hem Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň düzüminde Stomotologiýa oku-önümçilik merkezi döredildi. Bu merkezde stomotologiýa enjamlaryny dezinfeksiýa etmek üçin ýöriteleşen otaglar, serişdeleri saklamaga niýetlenen ammarlar, geýim çalşyrylýan otag we tehniki desga hereket edýär.

Ýeri gelende aýtsak, täze Stomotologiýa okuw-önümçilik merkeziniň ähli otaglary dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil enjamlary bilen üpjün edildi. Olar bejeriş we keselleriň öňüni alyş, şeýle hem anyklaýyş işleriniň ýokary netijeliligini üpjün edýär.

Milli saglygy goraýyş ulgamynda täze tehnoogiýalary ornaşdyrmagy, dünýäniň öňdebaryjy ylmynyň gazananlarynyň esasynda lukmançylyk hiliniň ýokarlandyrylmagyny esasy ugur edinýän özgertmeleri köp ugurly häsiýete eýedir. Iň häzirki zaman hassahanalary, ylmy-kliniki merkezleri, dürli lukmançylyk we sagaldyş-dynç alyş edaralary häzirki döwürde dünýä ülňülerine laýyk derejede enjamlaşdyrylyp, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözgüdiniň baş şertini üpjün edýärler.

                                                Humaý Annamyradowa

Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň Stomotologiýa okuw-önümçilik merkeziniň stomotolog lukmany