Kokona-ýene-de bir tropiki miwe bolup, bu gyrymsy agajy Günorta Amerikanyň daglyk etraplarynda duşmak bolýar.Bu miwe kiçiräk gyrymsy agaç bolup örän çalt ösýar; 9 aýyň içinde miwesi ýetişýär, ýene-de iki ýyldan bolsa olar doly bişip ýetişýärler. Miwesi iýmişe ýeňzeş bolup, olar gyzyl, açyk sary we sary reňkli bolýarlar. Miwesi daşyndan tomadyň miwesine meňzeş, tagamy boýunça limon bilen tomadyň arasyndaky ýalydyr.

Çörek agajy

Çörek agajy-tutlar maşgalasyna degişli agaç bolup,gelip çykan ýeri Günorta-gündogar Aziýa adalary we Flippin hasaplanýar.Miwesi tagamy boýunça banany ýatladýar, miweler doly bişip ýetişende olary terligine iýmek bolýar, Eger-de miweler doly bişip ýetişmedik bolsalar , onda olary iýmit üçin bişirilen ýagdaýynda ulanmak bolýar.Bişen miwe ýumşak we süýji-bişmedik miwe bolsa gaty we krahmaly köp saklaýar. Çig miwe bişirilende täze bişirilrn çöregiň tagamyny berýär, şonuň üçin bu miwäniň ady hem şondan gelip çykypdyr.

                                                      Jemile Kakalyýewa

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä diller institutynyň magistranty