Adamzat ylym-bilim öwrenmek bilen dünýä akyl ýetirip başlaýar. Ylym-bilim kämilligiň gözbaşydyr. Bu baýlyklar adamlarň dünýägaraýşyny giňeldýär. Gadym döwürlerden bäri ylym-bilim ulgamy birnäçe ösüş döwürlerini başdan geçirýär. Ylmyň bilimiň kämilleşmegi bilen häzirk zaman döwrebap sanly tehnologiýalara daýanýan bilim ulgamy bina edilýär we ulgam häzirki günde-de ösdürilmegini we kämilleşdirilmegini dowam edýär.
Bu günki günde dünýämiz kompýuterlersiz göz öňüne getirip bilmeýäris. Şol esasda döwür bilen aýakdaş gitmek we ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek üçin sanly bilim ulgamyny durmuşymyza ornaşdyrmak zerur bolup durýar. Bilim ulgamyny sanlaşdyrmak boýunça ýurdumyzda birnäçe toplumlaýyn çäreler alnyp barylýar. Bulara mysal edip her ýyl birinji synpa barýan okuwçylara şahsy kompýuterleriň Hormatly Przidentimiz tarapyndan sowgat berilmegi, ýurdumyzda ähli çagalar baglarynyň mekdepleriň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi aýtmak bolar. Bu işler ýurda bilimiň hliniň ýokarlanmagyna, ýurduň ösmegine, ýaşlaryň dünýägaraýşynyň giňemegine özüniň oňyn täsirini ýetirer.
Bu mümkinçilikler ýaşlaryň ata watanymyza bolan söýgüsiniň ýokary derejede bolmagyna, döwletimiziň ösüşiniň mundan beýläk-de has-da ýokary bolmagyna özleriniň goşmaklaryna uly ýardam berýär. Muňa mysal edip, mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň ýurdumyzda şeýle hem daşary ýurtlarda geçirilýän halkara derejesindäki olimpiýadalara baýrakly orunlara mynasyp bolmaklaryny aýdyp bolar.
Gülistan BADAMOWA,