Halkyň kalbyna hem aňyna unudylmajak döwür bolup, zer bilen ýazylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky bagtly eýýamyň gujagynda bagtyýar ýaşaýar. Ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzda asyrlara ýaň saljak tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, bagtyýar ýaşlaryň ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy bilen milli bilim ulgamyny ösdürmek hem-de dünýä derejesine çykarmak maksady bilen badalga berlen beýik işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Ylymly-bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegimiz baradaky aladalar bolsa ýaşlary has-da yhlasly okamaga, öwrenmäge höweslendirýär.
Biz wajyp innowasion tehnologiýalary içgin öwrenmek, olardan baş çykarmak ukyp-başarnygyny hem dünýä tejribesini düýpli öwrenmeli bolýar. Häzirki wagtda adamzadyň gündelik durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr, geljege şamçyragdyr. Bu babatda alnyp barylýan işler uzak geljegi nazarlaýar. Ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Arazbibi TÄÇMEDOWA,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy