Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda
paýtagtymyzdaky Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň, şeýle
hem Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň ikinji sungat mekdebiniň
okuwçylarynyň döredijilik sergisi açyldy. Serginiň ekspozisiýasynda zehinli
okuwçylaryň döreden nakgaşlyk, grafika, gobelen, zergärçilik önümleri, keramika
we heýkel eserleri ýerleşdirilipdir. Her bir suratlarda çagalaryň ýürek joşguny,
sungata bolan çäksiz söýgüsi öz beýanyny tapýar. Sergide esasan akwarel işler köp
bolup, özboluşlylygy bilen täsirlidir. Olarda eziz Watanymyzyň ajaýyp tebigat
dünýäsi, taryhy medeni ýadygärliklerimiziň hem gözel paýtagtymyz Aşgabadyň
waspy şöhlelenýär.
Çaga göwünleriniň päkligi ýaly çekilen suratlarda reňkleriň sazlaşygy-da
ajaýyp bolup, asudalygyň, parahatçylygyň waspy aýdyň şekillendirilipdir.
Sergide jemi 180 töweregi işler bolup, olar ýaş suratkeşlerimiziň döredijilik
üstünligini görkezýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda açylan bu
sergi bagtyýar çagalygyň mekany bolan ýurdumyzda ýaş nesiller hakdaky
aladanyň ýene bir mysalydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe
döwrümiziň ösüşlerinden ylham alýan çagalar döredilýän şeýle ajaýyp
mümkinçilik üçin mähriban Arkadagymyza alkyşlarynyň çägi ýok.
Aýjemal ÇARYÝEWA.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty
fakultetiniň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy.