Araplaryň gelmegi bilen Merkezi Aziýada ylmyň we medeniýetiň ösmegine giň mümkinçilikler döräpdir. Ekarançylygyň, suwaryş ulgamynyň, senetçiligiň, söwdanyň ösmegi, beýleki ýurtlar bilen söwda, medeni we diplomatik gatnaşyklaryň ösmegine ýol açypdyr. Bu özara gatnaşyklar medeniýetiň ösmegine amatly şertleri döredipdir. Bu ýagdaý takyk ylymlaryň peýda bolmagyna getiripdir. VIII asyrdan başlap Türkmenistanda matematika, geometriýa, astronomiýa, lukmançylyk ylymlary boýunça uly açyşlar başlanýar. Matematika ylmynyň ýüze çykmagy gönüden-göni Muhammet al-Horezminiň ady bilen baglanyşyklydyr. VIII asyryň ikinji ýarymynda IX asyryň 30-40-njy ýyllarynda ýaşan we işlän bu beýik alymyň asly gadymy Köneürgençden bolupdyr. Ol diňe bir matematika ylmy bilen meşgul bolman eýsem astronomiýa, geometriýa, geografiýa we taryh ylymlary bilen hem meşgullanypdyr. Ol astronomiýadan ýer togalagynyň radiusyny we onuň uzynlygyny kesgitleýän iş ýazypdyr. Al Horezmi halyf Mamunyň çagyrmagy bilen Merwe göçüp gelýär we bu ýerde Mamunyň ýanyndaky ylmy merkezde dokuz ýyl işleýär. Emma Bagdad halyfy Merwden gaýdanda Horezmini hem öz ýany bilen alyp gidipdir. Şeýlelikde ol Merwdäki ylmy merkezi taşlamaly bolýar. Halyf Mamun Horezmini Bagdad köşgüniň garamagynda işleýän ―Paýhas öýi diýilýän ylmy merkeziň ýolbaşçysy edip belleýär we şol ýerde köp ýyllaryň dowamynda işleýär.

Horezminiň döwründe astronomiýa ylmyny ösdürmekde hem uly üstünlikler gazanylýar. Bu ugurda uly üstünliklere eýe bolan görnükli alymlaryň biri-de asly Merwli bolan Habaşdyr (Ahmet ibn Abdullah al-Merwezidir). Habaş hem Horezmi ýaly Bagdatda halyf köşgünde işläpdir, Habaş astronomiýany ösdürmäge öz goşandyny goşan beýik alymlaryň biri bolupdyr. Ol 832-nji ýylda astronomiýa boýunça düzülen tablisalaryň üçüsini düzýär we astronomiýa ylmynyň ösmegine uly goşant goşýar. VIII-IX asyrlarda Türkmenistanyň ýerlerinde medeniýetiň ösmegine diňe bir häkimleriň köşklerinde kitaphanalar, ylym öýleri açylman, eýsem ýerli häkimleriň, aýry-aýry adamlaryň öýlerinde hem kitaphanalar açylyp, golýazmalaryň ýygyndylary tomeýilnamaypdyr. Olar ―ylym öýlerini hem açypdyrlar, olarda metjitler, mekdepdir medreseler açylyp, okuwçylara talyp haklary tölenipdir.

Edebiýat. ―Gorkut ata eposy. Gorkut-ata türkmeniň paýhasly kethudalarynyň biri, şahyr we bagşy bolupdyr. Onuň doglan ýeri, önüp-ösen mekany Merwdir. Onuň kakasyna Gara hoja diýer ekenler. Akyldaryň çyn ady Gorkut bolup ―ata edebi lakamy bolupdyr. Gorkut ajap bir kitap ýazyp, onuň adyna ―Gorkut ata goýupdyr. Kitap Gündogar edebiýatyna mahsus bolan halypanyň şägirdine, atanyň ogluna öwüt berişi äheňde ýazylypdyr. Ondaky öwüt-nesigatlaryň esasy temasy türkmeniň gadymy taryhy, medeni, ruhy durmuşy baradadyr.

“Ergenokon” dessany. Ergenokon gadymy türkmen eposlarynyň biridir. Bu taryhy eposda göktürkmenleriň ýurt üçin, ar-namys üçin çekýän ýürek awylary görkezilýär.

Orhan Ýeniseý ýazgylary. Gadymyýetde dörän Oguz-Orhon ýada Orhon-Ýeniseý ýazuwy baý geçmişi bolan türkmen halkynyň taryhyny öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly mirasdyr. Ol gadymy türkmenleriň maddy we ruhy medeniýetiniň ýadygärligidir. Aslyýetinde oguz-orhon ýazuwy hem öňler ―Orhon- Ýeniseý ýazgylary diýilip atlandyrylypdyr. Onuň şeýle.atlandyrylmagy ýöne ýerden däl eken, sebäbi şeýle atlandyrylmagyň özi ýazgylaryň türkmenleriňkidigini inkär edýärdi. Sebäbi onda türkmen halkynyň unudylan taryhy, ýagny göktürkmenleriň taryhy, olara baş bolan beýik şahsyýetleriň atlary berilýärdi.

Orhon-Ýeniseý ýazuwyny öwrenmäge belli türkşynas W.W.Radlow we dilçi hem taryhçy daniýaly alym W.Tomsen içgin girişýärler. B.Tomsen 1893-nji ýylda Orhon ýazgylarynyň türki taýpalaryň ýazuwlarydygy barada Daniýada alymlaryň öňünde çykyş edýär. Ol bu hatlaryň sagdan çepe okalýandygynyň üstüni açýar. Şonuň ýaly-da ýazgylardaky bellikleri deňeşdirip, onda 38 harpdan ybarat gadymy türkmen elipbiýiniň bardygynyň üstini açýar.

Muhammetmyradowa Ogulmerjen

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Ýapon dili we edebiýaty huünäriniň 4-nji ýyl talyby