Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan orta mekdepleriň sanly dolandyryş ulgamy bolan «E-mekdep» ulgamy işläp başlady. Bu ulgam okuwçynyň gündeliginiň elektron görnüşini hödürleýär diýlip, ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.
Häzirki wagtda «E-mekdep» ulgamy Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ähli orta mekdeplerinde ornaşdyryldy, beýleki welaýatlaryň orta mekdeplerinde bu platformanyň ýola goýulmagy boýunça işler alnyp barylýar.
«E-mekdep» ulgamynda ata-enelere çagalarynyň okuwyna netijeli gözegçilik etmek arkaly olaryň bilimine goldaw bermek üçin örän peýdaly mümkinçilikler bar. Mysal üçin, okuwçynyň okuwa gatnaşygy barada maglumatlar, islendik wagt, işde bolsun ýa-da öýde, hakyky wagt tertibinde, ýagny onlaýn usulynda dessine SMS ýa-da sanly duýduryş görnüşinde «E-mekdep» mobil goşundy arkaly habarly bolup bilerler.
«E-mekdep» ulgamyny ornaşdyrmak işine 2021-nji ýylda başlanylyp, şondan bäri ol birnäçe orta mekdeplerde synagdan geçirildi hem-de kämil derejä ýetirildi. Bu ulgamyň täze okuw ýylyndan doly derejede işe girizilmegi orta mekdeplerde berilýän bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder.
Häzirki wagtda «E-mekdep» ulgamyny doly işjeň ýagdaýynda «Google Play» ýa-da «Appstore»-dan «emekdep» sözüni gözlemek arkaly, onuň mobil goşundysyny göçürip alyp bolýar.
Baýramalyýewa Bibijemal
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Ýapon dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby