Magtymguly Pyragynyň ynsanyň ýaraşykly gylyk-häsiýetleri ündäp, öwmek bilen bir wagtda, ynsanlara ýaraşyksyz we zyýan ýetirji edim-gylymlary yzygiderli hem berk ýazgarmak arkaly, il-güni terbiýelemekde, olary ruhy taýdan gözel geljek üçin taýýarlamakda alyp baran işi has-da ähmiýetli, deňi-taýy bolmadyk derejede ulydyr.

Beýik akyldar Magtymgulynyň döredijiliginde durmuşy goşgular esasy orunlaryň birini eýeleýär. Magtymguly ýaman häsiýetleri ýazgarmak bilen, erbetlikleri tertibe salmaga synanyşypdyr. Şahyr gelin-gyzlaryň edepli, päkize, mylaýym bolmagyny isläpdir, ata-enäni sylamaýan, hapysa gelin-gyzlary ýazgarypdyr.

Magtymguly “Janyna degmez”, “Durasyň geler”, “Ýör biläni”, “Il ýagşy”, “Zor bolar”, “Bolar sen””, “Aýrylma” ýaly goşgularynda döwürdeşlerine asylly terbiýe bermek, olaryň mert, ar-namysly bolmaklaryny nesihat edip, binamys, namartlary ýaňsa alypdyr. Akyldar şahyr Magtymguly gelin-gyzlaryň akylly, pähimli edepli bolmaklaryny isläpdir, olaryň mertebesini ýokary tutupdyr. Bu barada “Durasyň geler” diýen goşgusynda çeper beýan edýär. Şahyr hapysa, sölite, nalajedeýinleri ýazgarypdyr.

Magtymguly, syn gerekdir gözele,

Her ne kysmat bolsa, tartar ezele,

Dünýä malyn harç et ýagşy gözele,

Ýamanyň ýanyndan gaçasyň geler.

Magtymguly atamyz dostluk, söýgi temasyndan hem birnäçe goşgy ýazypdyr. Bu temadan onuň “Gözel sen”, “Gülzardan aýryldym”, “Uýat eýleýir”, “Bu derdi”, “Boýlaryňa”, ýaly ençeme goşgulary bar. Ol gelin-gyzlaryň durmuşda uly hormata, söýgä mynasyp bolmalydyklaryny nygtamak bilen, olaryň owadanlyklaryny “Gözel sen” şygrynda şeýle taryplaýar:

Gyzyl diýsem-gyzyl, al diýsem-al sen,

Hindistanda şeker, Bulgarda-bal san,

Magtymguly Pyragy “Bilen bolmasa” diýen goşgusynyň şu setirlerinde Watany gorap ýören goç ýigitleriň özüne mynasyp ýary bolmasa, hemişe armandadyklaryny nygtaýar:

Är ýigidiň içi doly armandyr,

Gara göz, inçe bil ýary bolmasa

Beýik şahyrymyz Magtymgulynyň eserleri durmuşyň dürli taraplaryny öz içine alýar. Magtymgulynyň döredijiligini örän oňat bilýän, gündogary öwreniji E.E.Bertels ony Jemşidiň jamy bilen deňeşdirýär. Jemşidiň jamy ýaly, Magtymgulynyň döredijiliginden hem islän zadyňy, bilmek isleýän meseläňi tapmak bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny halkara derejesinde belläp geçmek baradaky Kararyny türkmen halky uly şatlyk bilen garşylady. Beýik akyldaryň merdana ömri ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir.

                                 Merdan Nurmanow

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy