Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly şan-şöhraty dünýä dolan eziz Diýarymyzda her bir günimiz toýdur baýramlara ulaşýar. Halkymyzyň buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewleri ata Watanymyzda toýlarymyzyň bezegidir.

Türkmen halky köptaraply taryhy medeniýetiň eýesidir. Şolaryň arasynda şan-şöhraty dünýä dolan türkmeniň ahalteke bedewleri hem atşynaslyk sungaty mynasyp orny eýeleýär. Umumyadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde ägirt uly açyşlary eden, kämilligiň beýik nusgasyny jahana peşgeş beren türkmen halky çydamly, wepaly, ýyndam bedew atlaryň saýlama tohumlaryny hem döredipdirler. Ahalteke bedewlerimiz bu günki gün bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň ösüşleriniň belent depgiiniň, asylly ýol-ýörelgeleriniň we mukaddes maksatlarynyň alamatyna öwrüldi.

Nesilbaşymyz Oguz han ogullaryna: “Ogullarym! Bu meniň size iň soňky wesýetim: nesillere hemişe şu üç zady aýamagy sargyt ediň! Birinjisi – Watany, ikinjisi – ata-enäni, üçünjisi bolsa – aty” diýip wesýet edipdir. Bu mysal gamyşgulak bedewlerimize irki döwürlerden bäri belent sarpa goýlandygyny, türkmeniň bedewini iň gymmatly baýlyklarynyň hatarynda görýändigini aňladýar.

Seýisçilik halypa-şägirtlik ýolunyň hem-de arassa ahalteke tohumynyň has-da kämil görnüşde häzirki günlerimize gelip ýetmeginde uly yhlas eden, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet aganyň dogany, belli atşynas Aba Annaýewiň uly goşandy bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan “Döwlet guşy” romanynda bellenilişi ýaly Berdimuhammet Annaýewiň hem ahalteke bedewlerine aýratyn üns berendigini görkezýär. Bu bolsa Hormatly Prezidentimiziň behişdi bedewlerimize söýgüsini öz ata-babalaryndan alyp gaýdýandygyny görkezýär

                                                       Sona SAPAROWA,

Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň türkmen dili mugallymy.