Türkmenistan häzirki wagtda diňe bir dünýä döwletleri bilen däl, eýsem, birnäçe halkara guramalary bilen özara ygtybarly, syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýýar. Esasan-da halklary birleşdirýän Birleşen Milletler Guramasy bilen oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyk Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugry hasaplanylýar. Şol syýasatyň düýp esasynda bolsa, oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesi durýar. Özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanyp, häzirkizaman tapgyrynda bu hyzmatdaşlyk täze derejelere çykýar we mazmun taýdan baýlaşdyrylýar.

Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklara mahsus bolan ösüş depginleri, ilkinji nobatda, dünýä syýasatyna Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy, tutuş adamzada degişli bolan global meseleleriň çözülmegine anyk ýardam bermäge ýurdumyzyň gyzyklanmasy bilen şertlenendir. Bu ýörelgeler BMG we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa we ykrarnama eýe boldy. Mundan başga-da ýurdumyz bu guramanyň birnäçe abraýly düzümlerine – BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň, BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň, ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika boýunça Komitetiniň Býurosynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasynyň, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça Ýerine ýetiriji geňeşiniň düzümine we beýlekilere ençeme gezek saýlanyldy.

BMG-niň esasy düzümleriniň biri bolan ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk indi birnäçe ýyllardan bäri yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň konwensiýasyna gol çeken gününden bäri onuň doly hukukly agzasy hasaplanýar. Bu abraýly gurama medeniýete degişli ýadygärlikleri we tebigy landşaftlary aýawly saklamak boýunça halkara derejedäki işde ilkinji orny eýeläp, ählumumy gymmatlyklara we her bir halkyň mertebesine uly hormat goýulmagyna esaslanýan açyk gatnaşyklar üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda işleri alyp barýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň Fransiýa Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen 37-nji mejlisinde Türkmenistan ilkinji gezek 2013-2017-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi – abraýly halkara guramasynyň iki ýolbaşçy edaralaryň biri bolup durýar. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna 58 döwlet girýär.

Dünýä medeniýetiniň bäşinji ojagy hasaplanýan Türkmenistanyň dünýä medeniýetine goşant goşan gymmatlyklaryndan «Görogly» dessançylyk sungaty

2015-nji ýylda bu halkara guramasynyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. ÝUNESKO-nyň Efiopiýada geçirilen Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň mejlisinde Nowruz baýramynyň däp-dessurlarynyň bu halkara guramanyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilenligi hakyndaky hoş habar biziň ählimizi guwandyrdy. Bularyň hemmesi Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň netijesi bolup durýar.

ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugrularynyň biri, ol hem türkmen halkynyň maddy däl taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNESKO we Türkmenistan ahalteke atlarynyň we iň gadymy it tohumlarynyň biri bolan alabaýlaryň ähmiýeti, olaryň goralyp saklanylmagynyň we giňden tanadylmagynyň bolsa dünýä medeni mirasynyň goraglylygy nukdaýnazaryndan wajyplygyny belleýärler. Şeýle-de türkmen tarapy medeniýetara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine goşant goşjak ÝUNESKO-nyň sungat şäherleri toruna goşulyşmakda hem netijeli işleri amala aşyrýar.

Merjen DURDYÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.