Türkiýe Respublikasynyň Adana şäherinde awiasiýa, kosmonawtika we tehnologiýalar boýunça «TEKNOFEST 2024» festiwaly açyldy. Açylyş dabarasy Adananyň Şakirpaşa howa menzilinde boldy.
Dabara türk tehnologiýa kompaniýasynyň edarasynyň başlygy Seljuk Baýraktar, senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajir, Türkiýäniň goranmak senagaty edarasynyň başlygy Halyk Görgün we beýleki resmi adamlar gatnaşdylar.
«TEKNOFEST 2024» festiwalyna bu ýyl rekord derejede gatnaşyjylar hasaba alyndy. Uly şatlyk-şowhun bilen bellenilýän bu festiwal eýýäm ýedinji gezek geçirilýär.
Çaryýewa Aýna
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (taýýarlyk ugrynyň) 3-nji ýyl talyby