Käkilik-bu guş tebigatyň gözelligini goşalandyrýan iň owadan guşlaryň biri hasaplanýar. Käkilik towuklar otrýadyna degişli bolup, onuň bedeniniň uzynlygy 35 sm töweregidir. Horazynyň agramy 800 grama çenli, mäkiýanyňky bolsa 550 grama çenlidir. Käkiligiň arka tarapy gyzgylt-çal, gapdallary, petekesi, döşi gökmek-çal, garyn tarapy sarymtyl reňkdedir. Bedeniniň gapdal taraplarynda gara zolak geçendir. Bogazynda gara ,,Halka’’ bardyr. Guşyň aýaklary we çüňki gyzgyltdyr. Horazy göwrümi boýunça uly bolup, ol mäkiýandan aýaklaryndaky gysgajyk syňraklaryň barlygy bilen tapawutlanýar. Bu guşlar oňat ylgaýarlar. Ýaşaýan ýeriniň reňkine meňzeş bolansoň olary aňsat görüp bolmaýar. Ýylyň köp wagtyny olar süri bolup ýaşaýarlar, diňe köpelýän döwründe jübit bolup we jüýjeleri bilen gezýärler. Bu guşlaryň gygyryp çykarýan owazy (’’ke-ke-lik, ke-ke-lik’’) olaryň atlandyrylyşyna laýyk gelýär. Käkilikler, esasan dag guşlary hasaplanýar. Ýöne olara beýleki ýerlerde-de duşmak bolýar. Käkilikler mart-aprel aýlarynda jübit ýaşaýyş görnüşe geçýärler. Maý-iýun aýlarynda mäkiýany 20-24 sany ýumurtga guzlaýar, şeýle-de höwürtgäni mäkiýanyň özi gurunýar. Höwürtgäni ýerden, daşlaryň arasynda ýa-da çöp-çalamyň aşagynda gurýar. Onuň içini ýeleklerden we ýumşak çöp-çalamdan düşeýär. Bu wagt horazy diňe onuň ýakynynda gezýär we basýan wagtynda hem-de jüýjelerini terbiýelemekde gatnaşýar. Ýumurtga basýan döwri 23-25 güne çekýär. Käkilikleriň iýmitiniň esasyny ösümlikler düzýär. Olar köplenç ösümlikleriň däneleri, miweleri we ter baldaklary, ýapraklary şeýle-de mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Tomusda olar suwy köp içýärler, tiz-tizden (iki-üç gezek) suw içýärler. Käkilige Türkmenistanyň köp ýerlerinde (daglyk ýerlerde, tokaýlarda, çägeliklerde) duş gelmek bolýar. Bu guş Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynda hem goralýar we esasan, goraghananyň Mergenaşan, Burçlyburun we Ýedihowuz ýaly meýdanlarynda köpräk duş gelýär. Käkilik tebigatymyzyň gözelliginiň biridir. Tebigatdaky bar bolan gözellikleri goramak we ony söýmek bolsa her bir ynsanyň borjudyr.

Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň Ylmy bölüminiň uly ylmy işgäri T. Öwezow