Häzirki döwürde adam serişdeleri ulgamynda geljege strategik taýdan nazar aýlamazdan, islendik döwletiň öňdengörüjilikli syýasatyny kemala getirmek mümkin däldir. Hut şonuň üçin hem durmuş ulgamynyň esasyny düzýän toplumda milletiň saglygyny üpjün etmek ýagdaýy durýar. Munuň özi jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamy bilen berk baglanyşyklydyr. Onuň tejribesi döwrüň talaplaryna, daşky gurşawy goramagyň, ykdysady, ylym, bilim we medeni ösüşiň wezipeleri bilen utgaşýar.

Saglygy goraýyş syýasaty ulgamlaýyn öňüni alyş, häzirkizaman saglyk ülňülerini we lukmançylyk kömegini, saglygy goraýyş ulgamynda ýurdumyzdaky ýörelgeler bilen dünýäniň häzirki zaman tejribesiniň ýeten derejeleriniň sazlaşygyny, tutuşlygyna alnanda, durmuş derejesini gowulandyrmagyň wezipelerini nazara almak bilen, ilatyň saglygyny goramaga ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri ugur edinýän keselleriň öňüni alyş ulgamy ýaly möhüm ýagdaýlara daýanýar.

Şeýlelikde, saglygy goraýyş ulgamyndaky syýasy maksatnama döwletiň tutuşlygyna alnanda, durmuş syýasatynyň amala aşyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň durmuş syýasatynda baş maksat onuň ösüşi däl-de, eýsem, adamlar hakdaky alada esasy orun eýeleýär.

Ýurdumyzda ýokanç keselleriň birnäçesiniň aradan aýrylandygy baradaky halkara sertifikatlar, şeýle hem türkmen lukmanlarynyň şu ugurda toplan tejribesiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitindäki ýurtlarda ýaýradylmagyna maslahat berilmegi Türkmenistanyň saglygy goramak bilen bagly wezipeleri berjaý etmekde gazanýan üstünlikleriniň ykrar edilýändigini aňladýar.

Ilatyň saglygyny goramak boýunça gazanylýan üstünlikler barada aýdylanda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalaryň diňe bir has kämil enjamlardan ybarat bolmak bilen çäklenmän, häzirki döwürde hünärmenleriň taýýarlyk derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, bejerişiň täze, döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagy hem-de ýüz tutanlara dünýäniň lukmançylyk ylmyna laýyklykda ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň tutuş toplumynyň hödürlenmegi babatdaky talaplary hem öňe sürýändigini bellemek gerek.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň kuwwaty iri saglygy goraýyş we ýöriteleşdirilen edaralaryň, derman senagaty kärhanalarynyň ylmy-kliniki we barlag merkezlerinden, şeýle hem lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň ylmy bölümlerinden ybaratdyr.

Lukmançylyk we ylmy işgärleri taýýarlamak işiniň kämilleşdirilmegi, halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň abraýynyň artmagyna hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine goşulmagyna ýardam edýär.

Lukmançylyk ylmyny ösdürmek, lukmanlaryň hünärini ýokarlandyrmak, olary taýýarlamagyň we gaýtadan taýýarlamagyň ulgamyny kämilleşdirmek türkmen lukmançylygynyň durmuş babatdaky ornuny güýçlendirmek bilen bilelikde alnyp barylýar. Munuň özi lukmançylyk aň-bilim we lukmançylyk maglumat ulgamyny döretmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşyklydyr.

Saglygy goraýyş ulgamynda döwlet syýasaty, bir tarapdan, her bir adamyň öz saglygy üçin jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýan bolsa, beýleki bir tarapdan, döwlet munuň üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döredýär hem-de hemmetaraplaýyn goldaw berýär.

Şeýlelikde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Ilatyň saglygy we abadançylygy bolsa bu ösüşiň örän wajyp maksadydyr.

 Nurnazarow Muhammetnazar Gaýypnazarowiç

  Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy