Enäni we çagany goramak boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi döwlet syýasatynyň derejesine çykarylan saglygy goraýyş ulgamynyň düzüm bölegidir. Ýurduň ähli künjeklerinde ýokary dereje enjamlaşdyrlan «Ene mähri» merkezleriniň döredilmegi, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziň açylmagy we işjeň işlemegi, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek we gan azlyk bilen göreşmek boýunça milli maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi iri halkara guramalary tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy. 2014-nji ýyldan bäri Türkmenistan perinatal kömegini sebitleşdirmek maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen ene ölümçiliginiň öňüni almak, perinatal keselçiligi we ölümçiligi azaltmagyň ýolunda barýar.

Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak ugry boýunça çaganyň ösüşine halkara talaplaryna laýyklykda baha bermek usuly amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Ene süýdi bilen iýmitlendirmek boýunça maksatnamanyň ýerine ýetirilişiniň çäklerinde ýurt derejesinde çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň görkezijisi ýokarlanyp, 92,8 göterime barabar boldy.

Çagalaryň irki ösüş we dikeldiş ulgamynda fiziki we ergoterapiýa ugurlary ulanylýan täze usullar boýunça daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikde iş geçirilip, özara tejribe alşylýar.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini dünýädäki öňdebaryjy sepgitleri nazara almak bilen özgertmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, hususan-da dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman lukmançylyk enjamlaryny ornaşdyrmak arkaly pugtalandyrmak boýunça anyk işler amala aşyrylýar.

  Atabalyýewa Maýa Ataşewna

  Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy