Türkmenistan döwleti dünýä halklarynyň parahatçylykly we ynanyşmak esasynda ýaşamagynyň däplerini pugtalandyrmakda, halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň berkarar bolmagynda häzirki wagtda ählumumy wajyp meseleleri çözmekde oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Bu başlangyçlar Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepilidir!» diýen filosofiki taglymatynyň özenidir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de kämilleşdirmek boýunça dünýäniň iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär we bu ugurda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de agentlikleri bilen ynsanyň saglygyny goramak meselelerinde ýakyndan işjeň gatnaşyklary ýola goýýar. Şunuň bilen birlikde ýurdumyzda halkara derejesinde geçirilýän forumlaryň we maslahatlaryň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlaryň hatarynda ynsan saglygynyň girewi hasaplanýan lukmançylyk ugry boýunça ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň şertler döredilýär.
Çalt depginler bilen özgerýän döwürde ýurdumyz beýleki döwletler bilen birnäçe diplomatik ugurlar boýunça halkara gatnaşyklaryny saklap gelýär. Olar: medeni diplomatiýasy, ekologiýa diplomatiýasy, ykdysady diplomatiýasy, sanly diplomatiýasy, suw diplomatiýasy, energetika diplomatiýasy, öňüni alyş diplomatiýasy, lukmançylyk diplomatiýasy we başga-da kän ugurlary görkezmek bolar. Diplomatiýa — gepleşikler sungaty. Lukmançylyk diplomatiýasy — munuň özi döwletara gatnaşyklaryň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk we geçirilýän gepleşiklerdir. Oňa ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň çygrynda alnyp barylýan işleri ýola goýmakda ylalaşylýan şertnamalaryň netijeli bolmaklygy üçin geçirilýän gepleşikler aýdyň mysal bolup durýar. Dünýäde lukmançylyk diplomatiýasynyň orny barha artýar. Lukmançylyk ugry boýunça ylmy gatnaşyklaryň alnyp barylmagyna gönükdirilen başlangyçlar ählumumy ösüşiň şertine öwrülýär.
Türkmenistan halkyň saglygy baradaky aladany örän ýokary orunda goýýan döwletdir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde halkara ornuny pugtalandyrýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine berilýän üns halkara derejelerinde ykrar edilýär.
Agamyradow Serdar Nurgeldiýewiç
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy