Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy täze belentliklere çykýar. Innowasion ugurlara esaslanmak bilen, lukmançylyk edaralarynyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak, ilata ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny hödürlemek, raýatlaryň sagdynlygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.
Ýurdumyzda derman senagatyny ösdürmek, ilatyň derman bilen üpjünçiliginiň gurallaryny kämilleşdirmek maksady bilen, türkmen topragynyň melhemlik ösümlikleriniň esasynda ýerli çig maldan dürli derman serişdelerini öndürýän täze kärhanalar işe girizilýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki günde adamlaryň saglygyny goramak işi döwrebap düzümleri, şol sanda bejeriş-sagaldyş edaralaryny hem-de merkezlerini özünde jemleýän we ekologik wezipeleriň, şol sanda oba-şäherleri bagy-bossanlyga büremek boýunça wezipeleriň çözülmegini, işjeň dynç alyş infrastrukturalaryň ösdürilmegini, şeýle hem ilatyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi üçin mümkinçilikleriňdir şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýan toplumlaýyn ulgam bolup durýar.
Ynsanlaryň beden taýdan sagdyn bolmagy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, adamlaryň bagtyýar we abadan ýaşaýşynyň möhüm şertidir.
Nepesow Çaryýarguly Nurýagdyýewiç
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy