Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda sport ulgamynyň hem giň gerim bilen ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Milli Liderimiz, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňde goýlan belent sepgitlere ýetmek, wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, ýurtda bu ugurdaky hereketleriň täze usullary kemala getirilýär, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem talyp ýaşlarymyzyň sport bilen ýakyndan meşgullanmaklaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara derejeli türgenleriň onlarçasy ýokary bilim almak bilen, olaryň halkara derejesinde bina edilen sport desgalarynda türgenleşikleri yzygiderli esasda geçmekleri üçin ähli şertler bar.

Bedenterbiýe we sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän we ösüşe ruhlandyrýan güýçdür. Şu nukdaýnazardan, päk ahlaklylygyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde doly ykrar edilýän eziz Watanymyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, halkymyzyň saglygy, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly özgertmeler durmuşa geçirilýär.

 Hojagylyjow Kuwwat

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Hytaý dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby