Pedagogika – giň, çylşyrymly ylymdyr. Özüniň ösüş döwründe toplan maglumatlarynyň netijesinde ol öz ulgamyny döretdi. Her ulgamyň özüniň obýekti, predmeti bar. Şu günler pedagogikanyň ulgamy 40-dan gowurakdyr.
Halk pedagogikasy – her milletiň gadymdan gelýän milli däpdessurlaryny, oýunlaryny, aýdymlaryny, nakyllaryny, matallaryny özünde jemläp, ösüp gelýän ýaş nesli döwrebap terbiýelemäge gönükdirilen dersdir. Onuň ylymda ady “etnopedagogikadyr”. Bu ylmy adalgany öňe süren rus pedagogy G.N.Wolkowdyr.
Mekdebe çenli pedagogika – mekdebe çenli çagalar terbiýelenýän edaralaryň işini mazmunyny beýan edýär.
Mekdep pedagogikasy – mekdeplerde alnyp barylýan okuwterbiýeçilik işleriniň mazmunyny beýan edýär.
Ýörite pedagogika – bu ders öz gezeginde surdopedagogika lal we ker çagalar bilen; tiflopedagogika – kör çagalar bilen; oligofrenopedagogika – akyl taýdan şikesli çagalar bilen; logopediýa– dil kemçilikleri (sözlüginde kemçiligi) bar bolan çagalar bilen okuwterbiýeçilik işlerini geçirýän dersler toparydyr.
Hususy usulýetler – aýry-aýry dersleri okatmagyň usullaryny, düzgünlerini, serişdelerini öwrenýär. Meselem: Türkmen dilini okatmagyň usulýeti.
Pedagogikanyň taryhy – terbiýäniň ýüze çykyşyny, onuň ösüşinde esasy rol oýnap, pedagoglaryň işini beýan edýär. Pedagogikanyň bu ulgamy taryhylyk ýörelgesine daýanyp: “könä düşünip – täze durmuşa seredýäs” diýen ýol bilen ösýär. Pedagogikanyň taryhyny öwrenmek bize diňe geçen döwürlerden maglumat bermän, öň goýberilen ýalňyşlyklary mundan beýläk gaýtalamazlygy öwredýär.
Maşgala pedagogikasy – bu çagany maşgalada terbiýelemegiň esasy ugurlary bilen iş salyşýar. Ata-enäniň beýleki uly ýaşly adamlaryň tälim-terbiýe, edep-ekram öwretmekdäki tejribesini öwrenýär, nusga alarlyk bolanlaryny ile ýaýýar.
Ýokary mekdep pedagogikasy – onuň predmeti ýokary okuw mekdepleriniň okuw terbiýeçilik işleriniň kanunalaýyklaryny we ýokary bilim almak meselesini çözmekden ybarat.
Harby pedagogikasy – esgerler bilen, harrby işgärler bilen, harby orta we ýokary okuw jaýlarynda alnyp barylýan okuwterbiýeçilik meselelerini beýan edýär.Lukmançylyk (medisina) pedagogikasy –bu ýokary lukmançylyk (medisina) okuw mekdepleriniň talyplary bilen alnyp barylýan okuw terbiýeçilik işleriniň geçirilişi baradaky dersdir.
Önümçilik pedagogikasy – her bir hünär bilen baglanyşykly orta we ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, halk hojalyk, oba hojalyk, politehniki okuw mekdepleriniň okuw-terbiýeçilik işiniň meselelerini çözmäge gönükdirilen ders. Wagtyň durmuşyň talaby indi her bir ýokary mekdeplerinde öz hünäri bilen berk baglanyşykly pedagogika derslerini okatmagy talap edýär.
Sosial pedagogika (jemgyýet pedagogikasy) – bu dersiň esasy mazmuny jemgyýet bilen okuw-terbiýeçilik edaralarynyň işiniň arabaglanşygyny beýan etmekden ybaratdyr.
Deňeşdirme pedagogikasy – dünýäniň dürli döwletleriniň bilim ulgamlaryny deňeşdirip, olaryň okuw-terbiýeçilik işleriniň arabaglanşygyny, birligini öwredýän dersdir.
Ekologik pedagogika – daş-töweregi, tebigaty goramak meseleleri we adam ekologiýasy (adamyň içki we daşky arassalygyny) terbiýelemek meseleleri bilen meşgullanýan şu günler ösüp gelýän dersdir.
Täleýnama pedagogikasy – terbiýelemekde we okatmakda çagalaryň tebigy häsiýetlerini hasaba almak.
Berdiýewa Arzuw
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 3-nji ýyl talyby