Türkmen edebiýaty—iň gadymy edebiýatlaryň biri hasaplanylýar. Ol özüniň taryhyny gadymy zamanlardan alyp gaýdýar. Türkmen edebiýaty bizi gadymy zamanlardan başlap, şu günlere çenli halkyň ýaşaýşy, durmuşy, dürli wakalara gatnaşyşy, gahrymançylyklary, pajygaly ýagdaýlary, arzuw-islegleri, bagtly-şatlykly durmuşlary bilen bizi tanyş edýär. Halkyň döreden şahyrana eserleri: “Gorkut ata”, “Oguznama” , “Kowusnama”,”Görogly” , “Şasenem-Garyp” ýaly onlarça eposlardyr, dessanlar köp asyrlar mundan öňki gahrymançylykly, durmuşy, taryhy wakalary habar berýär. -Türkmen halky öz taryhyny gadym zamanlardan alyp gaýdýan edebiýatyň has ösen döwri orta asyrlardyr. Bu asyrlarda Orta Azyýada Mahmyt Kaşgary “Diwany- Lügat et-türk” , Abu Abdylla Muyzzi (1047- 1127), Omar Haýýam (1048- 1122), Sanjar (1083-1157) “Seljuknama”, Hoja Ahmet Ýasawy (1103-1166) , Aly “Kyssaýy-Ýusup” (1233), Mahmyt Pälwan (1247-1326), Ahmet Burhaneddin Siwasly (1345-1398) Horezm1i “Muhabbetnama” (1353), Seýit Nesimi (1370-1417), Alyşir Nowaýy (1441-1501) ,Wepaýy “Rownakyl yslam” (1464) , Muhammet Fizuly (1500-1563), Muhammet Baýramhan (1505-1561). Abdyrahym Baýramhan ogly (1556-1626), Berhudar Türkmen “Ragna we Zyba” Garaja oglan (1606-1679) ýaly beýik şahyrlar ýaşap, öz eserleri bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyny baýlaşdyrypdyrlar.

XVIII asyr türkmen edebiýatynda agzybirlik, il-ýurdy söýmek we ony goramak , bir bitewi döwlete birleşmek , mertlik , batyrlyk , wepalylyk , ar-namysly bolmak “ baş temalar suratlandyrylan.Çeper edebiýatda milli özboluşlylyk , täze mazmunly poeziýa , realistik ugur , progressiw ideýalar has aýdyň dużulýar .

XIX asyrda türkmen edebiýaty döwrebap ösüş ýoluny geçýär. Bu döwrüň türkmen edebiýatynda XVIII asyrda düýbi tutulan esasy temalar, progressiw ösdürilýär , kämilleşdirilýär.

XIX asyrda özleriniň dürdäne eserleri bilen külli türkmene özüni tanadan klassyk şahyrlar: Mämmetweli Kemine, Seýitnazar Seýdi, Gurbandurdy Zelili , Mollanepes , Annagylyç Mätäji we başgalar ýaşapdyr. Bu talantly şahyrlaryň durmuşy dogruçyl beýan edýän , zähmetkeşiň duýgy-dünjesini, ýürek owazyny çeper aňladýan goşgulary ýüreklere teselli berip, dilden -dile geçip gelipdir.

XX asyryň başyndaky (1900-1917) türkmen edebiýatynyň taryhyny Döwletmämmet Balgyzyl , Molladurdy , Baýram şahyr , Körmolla, Durdy Gylyç ýaly halk arasynda giňden tanalan şahyrlar bezeýär . Bu şahyrlar öz eserlerini , esasan durmuşy , sosiyal deňsizlik temalarda düzüp, türkmen edebiýatyna öz goşantlaryny goşupdyrlar.

 Meredow Nurmuhammet

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby