Häzirki wagtda ylmy-tehniki progresiň ösmegi bilen mümkinçilikler artdy. Bilimi her dürli usullar bilen alyp bolýar, şol sanda bilim almagyň bir usuly – ol hem Internet global ulgamyny ulanmakdyr

Internet global ulgamy, hakykatdan hem, bilimiň ummasyz çeşmesidir. Internetde gözleg serwerleriniň üsti bilen dürli ugurlar boýunça kataloglar, giper ýüzlenmeler bar. Meselem, ykdysadyýet, bilim, ylym, işewürlik, teleradiokommunikasiýa, medisina, sungat, habarlar, söwda we ş.m. ugurlar boýunça kataloglar bar. Gyzyklandyrýan ugur boýunça kataloglardan islendik maglumatlary alyp bolýar. Ulanyjylar Interneti ulanyp, gerekli maglumatlardan peýdalanyp, bilimlerini artdyrýarlar.

Häzirki wagtda ähli edara-kärhanalarda, hususan-da, orta we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtlaryň bilim ulgamlarynyň standartlary öwrenilip, ýaşlara goşmaça bilim bermegiň, milli medeniýetiň, gymmatlyklaryň esasynda bilim bermegiň usullary, häzirki zaman maglumat tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Şol tehnologiýalaryň kömegi bilen ylmy-barlag edaralary, orta we ýokary okuw mekdepleri türkmen milli ylym-bilim toruna birikdirildi we olar bütindünýä Internet ulgamynda öz maglumat sahypalaryny açdylar.

Elektron kitaphanalaryň kömegi bilen kompýuter ulanyjylara öz kompýuterlerinde gerek bolan maglumatlary bilmek, gözlemek, tanyşmak üçin gysga wagtyň dowamynda gerek bolan maglumatlary almaklyga mümkinçilik döreýär.

Maglumat tehnologiýalary we Internet global ulgamyny ýurdumyzda köpçülikleýin ulanmak we ornaşdyrmak ykdysady ösüşiň iň bir esasy görkezijisidir.

Elektron kitaphanalaryň döredilişi, elektron ofisiň gurluşy we alnyp barlyşynyň işinde ilki bilen kompýuterde işleýän işgärleriň, ýolbaşçylaryň, bölümler boýunça işleýän hünärmenleriň, gullukçylaryň, umuman, ähli hünärmenleriň häzirki zaman ösen tehniki serişdeleri bilen iş dolandyrmaklygyna bagly bolup durýar.

Has takygy, işleýänleriň maglumatlarynyň kompýuterlerde maglumatlar bazalarynyň kömegi bilen ýerleşdirilmegi, şol maglumatlar bazalarynyň kömegi bilen ofisdäki işleýän işgärler baradaky maglumatlary bilmek, gözlemek, tanyşmak üçin şol işleýänleri görmezden ýa-da şolar baradaky şahsy ýazgylaryň resminamalaryny gözlemezden, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, maglumatlar bazalarynyň (MB) kömegi bilen kompýuterden gysga wagtyň dowamynda gerek bolan maglumatlary almaklyga mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da ofisiň ähli bölümleriniň hünärmenleri awtomatlaşdyrylan iş ýerleri bilen üpjün edilip, olar öz aralarynda elektron dolandyryş işini alyp barmakda kompýuter torlary bilen birleşdirilendir.

Umuman, elektron ofisiň guralyşy we alnyp barlyşy işgärler, ýuridiki işler baradaky maglumatlar bazalarynyň döredilmeginde dogry we doly alnyp barylmagyna baglydyr.

                                                                                           Ene Mämmetýazowa

Türkmenistanyň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniň mugallymy