Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar, ata watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Her bir ýurduň geljegi onuň ylymly-bilimli ýaş nesli bilen berk baglanyşyklydyr. Agzybir hem-de zähmetsöýer halkymyz bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşyny watansöýüji, ylymly-bilimli, sagdyn zähmetsöýer, ýokary medeniýetli bagtyýar ýaşlarymyzda görýär. Ajaýyp ösüşleriň ýurdy bolan Dýarymyzyň ähli obadyr şäheherlerinde orta mekdeplerimiziň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna mümkinçilik berýär. Türkmen ýaşlary ýurdumyzyň we ösen dünýäniň ösen döwletleriniň halkara ülňülerine laýyk bilim berýän ýokary okuw mekdeplerinde bilim almana bolan mümkinçiliklerden peýdalanmak bilen ata watanymyzyň ykdysady, syýasy hem-de medeni taýdan ösmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklaryna, saýlan hünärleriniň eýesi bolmaklaryna ýardam bermek ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir.

Häzirki wagtda bilim ulgamyny sanly döwrebap tehnologiýasyz göz öňüne getirmek kyn. Internet ulgamyna berkidilen torlar arkaly dünýäniň ähli künjeklerinden gerekli ylmy maglumatlary almaga mümkinçilikler bar. Bu torlar talyplaryň, mugallymlaryň gerekli maglumatlary öwrenmeklerine, özleşdirmeklerine we dünýägaraýyşlaryny baýlaşdyrmaklaryna giň şert döredýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmeleriň aýdyň mazmuny hem-de oňyn netijeleri ýurdumyzyň bilim beriş tejribesinde peýdalanylýan innowasion tehnologiýalarda, bilim bermegiň we okatrmagyň täze usullarynda işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça ýokary okuw mekdepleriniň, okuw-önümçilik we ylmy-tehniki merkezleriň alayp barýan işlerinde, olaryň kärhanalar we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar bilen maksatnamalaýyn hem-de uzak möhletleýin esasdaky hyzmatdaşlygyň dowamynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň innowasion ösüş ýoly ähli ulgamlaryň we pudaklaryň hünärmenlerinden ýokary ussatlygy, oňat taýýarlygy, döredijilikli pikir ýöretmekligi, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan erkin baş alyp çykmagy başarýan ýokry hünärli işgärleriň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmegi talap edýär.

Ösüşli özgerişi ýollar bilen belent sepgitlere nazarlaýan ata Watanymyzda talyp ýaşlar biolup döwrebap bilim terbiýe almak örän buýsançly. Türkmen halkyny beýik işleri, belent maksatlary bilen täze üstünliklere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary rowaç bolsun!

Kösäýewa Oguldurdy,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniñ 2-nji ýyl talyby.