Täze guruljak bu desgada kub şekilli gök binalarda kwartiralar, ofisler, dükanlar, kinoteatrlar, gözel ýerler we myhmanhanalar bolar diýlip garaşylýar.

Saud Arabystanynda häzirki wagtda megaproektler üçin köp sanly gurluşyk meýdançasynda işler alnyp barylýar, iň meşhurlary NEOM taslamasynyň bir bölegi hökmünde durmuşa geçiriljek 170 kilometrlik diwarly “The Line” şäheriniň düýbünde alnyp barylýan işlerdir.

Bu kub şekilli gök binanyň binýady häzirki wagtda Riýat şäherinde gurulýar.

Mukaab taslamasynyň meýilnamalaşdyryşyna görä ol göwrümi boýunça dünýäniň iň uly binasy bolar. Uzynlygy 400 metr bolup, desganyň göwrümi 64 million kub metre barabar bolar. ABŞ-nyň Waşington ştatynyň Sietl şäheriniň golaýyndaky Eweretdäki Boeing zawody häzirki wagtda iň köp ulanylýan göwrümi bolan bina bolup durýar.

Bu gümmeziň içinde kwartiralary, ofisleri, dükanlary, kinoteatrlary, attraksionlary we myhmanhanalary öz içine alýan spiral şekilli diň hem bar.

Gurluşyk kompaniýasy “New Murabba Development Company” – niň habaryna görä, Mukaab binasynyň düýbi tutulmagy üçin eýýäm 10 million kub metrden gowrak ýer gazylypdyr.

The Line ýaly, Mukaab hem has uly taslamanyň bir bölegi bolup durýar. The Line-iň esasy taslamasy NEOM çölde ýerleşse-de, Mukaab Riýadyň kiçi şäherine (ýa-da ägirt uly meýdana ) öwrülmegi maksat edinýär.

“Mukaab” taslamasynyň çäginde paýtagtda 100 müň inedördül metr täze kwartira, 9 müň müň inedördül metr dükanlar, ofis ýerleri üçin 1,4 million inedördül metr, dynç alyş desgalary üçin 620 müň inedördül metr ýer bölünip beriler we jemgyýetçilik desgalary üçin bolsa 1,8 million inedördül metr ýerleri eýeleýän binalaryň “Mukaab” taslamasynyň çäklerinde 2030-njy ýyla çenli tamamlanmagy meýilleşdirilýär.

 Arslan Ahmedow

 Türkmen oba hojalyk institutynyň

 Agronomçylyk fakultetiniň Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 401-nji toparçasynyň talyby