Saglyk ynsanyň zemin ýaşaýşynyň ähli üstünlikleriniň gözbaşydyr. Ýöne ýerden atalar pähiminde “Saglygym – baş baýlygym” ýa-da “Baýlygyň sakasy – saglyk” diýilmeýär. Elbetde, kesellemeýän adam bolmaz, esasy mesele her bir derdiň dermanynyň bolmagyndadyr. Musulman dünýäsinde dogry nygtalyşy ýaly, saglygyň gadyryny hassa bolmazdan öňünçä bilmegiň zerur. Munuň üçin adam öz saglygy barada gündelik alada edip gezmeli, ynsanyň saglygynyň onuň uzak ömür sürmekliginiň kepili bolup durýandygyna düşünmeli. Magtymguly akyldar şu babatda şeýle aýdýar: “Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy, agşam ýatyp, ertir şükrüň kyl ýagşy” (“Mal ýagşy”). Saglygy barada gündelik alada edýän adam durmuşda şu ýörelgelere hökman eýermeli: spirtli içgilerden we narkotik serişdelerden daşda durmaly we bedenterbiýe ýa-da sportuň dürli görnüşleri bilen meşgul bolmaly; bedenini, egin-eşigini, ýaşaýan jaýyny we işleýän ýerindäki otagyny elmydama arassa-tämiz ýagdaýda saklamaly; wagtynda we dogry iýmitlenmeli; ukusyny doly almaly; beýnisine çakdan aşa agram salmaly däl, arassa howada köp bolmaga çalyşmaly. Ýurdumyzda ýokarda beýan edilenleri doly göz öňünde tutýan

“Saglyk” döwlet maksatnamasy hemişelik esasda hereket edýär. Maksatnamanyň talaplaryny doly we giňişleýin durmuşa geçirmek boýunça ýörite meýilnamalar işlenip düzülýär. Iň esasy guwandyryjy zat hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda döwrebap kämilleşdirilip durulmagydyr.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, hususan-da dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman lukmançylyk enjamlaryny ornaşdyrmak arkaly pugtalandyrmak boýunça anyk işler amala aşyrylýar.

Bagtyýar halkymyzyň sagdyn, abadan durmuşda ýaşamagy barada giň gerimli durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!

 Artykmämmedowa Täzegül

 Türkmen oba hojalyk institutynyň

 Agronomçylyk fakultetiniň Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 401-nji toparçasynyň talyby