Deoksiribonuklein kislotasynyň derňewi Ispaniýanyň Sewilýa şäherinde Hristofor Kolumbyň galyndylarynyň Sewilýada tapylan süňkleri 20 ýyllap öwrenilenden soň tassyklanyldy.

Belli bolşy ýaly, meşhur nawigatoryň jesedi birnäçe gezek göçürildi, käbir bilermenler onuň Dominikan respublikasynda jaýlanandygyny mälim etdiler, şonuň üçin köpler deňiz serkerdesiniň galyndylaryny awlap başladylar. Hünärmenler soňky iki onýyllykda Sewilýada galyndylaryň deoksiribonuklein kislotasynyň derňewini Kolumbyň garyndaşlarynyň we nesilleriniň genetiki materialy bilen deňeşdirdiler.

Bu işe ýolbaşçylyk eden kazyýet eksperti M. Lorente, innowasiýa tehnologiýalarynyň kömegi bilen Sewilýadaky galyndylaryň hakykatdanam Hristofor Kolumba degişlidigini anyklamak mümkin boldy.

Genetiki materiallary seljermekde gazanylan üstünlikler, nawigatoryň italýan bolandygyny ýa-da bolmanlygyny anyklamaga mümkinçilik berýär, bu barada alymlaryň arasynda işjeň pikir alyşylýar Kolumbyň katalon, ýewreý ýa-da şotlantdygy baradaky çaklamalar öňe sürülýär.

Batyrow Ilýas

 Türkmen oba hojalyk institutynyň

 Agronomçylyk fakultetiniň Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 401-nji toparçasynyň talyby