Türkmenistanyň banklary nagt däl hasaplaşyklary höweslendirmek, şeýle hem bank kartlaryny ulanyjylar üçin ýeňillikleri döretmek maksady bilen bank kartlaryna «Keşbek» hyzmatyny ornaşdyrýarlar.
Hyzmatlaryň bu görnüşi halkara tejribesinde hem giňden ornaşdyrylandyr. «Keşbek» hyzmatynyň maksady müşderileri nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmaklyga çekmek bolup durýar.
«Cashback» sözi iňlisçeden terjime edilende, «Cash» – kassa, pul, «Back» – yzyna, gaýtarmak diýmegi aňladýar. Ýagny, bank kartlary ulanylanda, kartlar arkaly töleg geçirilende tölegiň belli bir möçberi kartyň eýesine yzyna gaýtarylyp berilýär.
Harytlar we hyzmatlar üçin töleg edilende karta gaýtarylyp geçirilýän puluň göterimi banka baglylykda üýtgäp bilýär.
Türkmen banklary «Keşbek» hyzmatyny ornaşdyrýar
