Türkmenistanyň elektrik energetikasy şu günki günde ýangyç-energetika toplumynyň möhüm pudaklarynyň biridir. Geçen ýyllaryň dowamynda kemala gelen ýurduň elektrik energetika ulgamy, oňaýly şertleriň döredilmeginiň netijesinde, ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy wezipelerini çözmeklige uly ýardam etdi. Elektrik energiýasyny öndürmekligiň möçberi ýyl-ýyldan artýar. 2009-njy ýylda Türkmenistanda öndürilen elektrik energiýasynyň umumy möçberi 16200,6 million kWt sagada barabar boldy. Häzirki wagtda “Türkmenenergo” korporasiýasy boýunça elektrik stansiýalaryň kuwwatlylygy 3439,6 MWt deňdir. Ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň ýyllary içinde umumy kuwwatlylygy 1006,4 MWt barabar bolan gaz turbinaly bäş sany elektrik stansiýalarynyň işe girizilmegi Türkmenistanyň ykdysady ösüşine uly itergi berdi.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Daşoguz welaýatynda gurlan döwlet elektrik stansiýasy 2007-nji ýylyň 7-nji dekabrynda işe girizildi. Şeýlelikde, öň hereket edýän kuwwatlyklara gaz turbinasynyň ýene-de ikisiniň gurulmagynyň netijesinde MWt kuwwatlyk goşuldy. Bu stansiýada öndüriljek elektrik energiýasynyň diňe bir Daşoguz welaýatynyň islegini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, elektrik energiýasyny, geçiriji ulgamlaryň üsti arkaly, welaýatyň we ýurdumyzyň çäklerinden daşyna çykarmaga hem mümkinçilik döreder. 2008-nji ýylda daşary ýurtlara umumy bahasy ABŞ-nyň 58,7 million dollaryna barabar bolan 2292,9 million kWt sagat elektrik energiýasy iberildi. Bu bolsa, 2007-njy ýylyň derejesine garanyňda 24% artykdyr. Baglaşylan şertnamalara laýyklykda, Türkmenistanyň elektrik energiýasy goňşy döwletler bolan Owganystana, Eýrana, Türkiýä we Täjigistana iberilýär. Bazar gatnaşyklaryna geçilýän döwürde Türkmenistanyň ilatyny durmuş taýdan goramak, onuň hal-ýagdaýyny gowulandynnak we hakyky girdejilerini ýokarlandyrmak maksady bilen, 1993-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan girizilen Türkmenistanyň ilatynyň elektrik energiýasyna, suwa, tebigy we suwuklandyrylan gaza bolan zerurlyklaryny mugtuna üpjün etmek syýasaty täze Galkynyş döwründe dowam etdirildi. 2008-nji ýyldan bolsa, awtoulag sürüjiler üçin degişli ýangyçlar hem mugt edildi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, ýurdumyz üçin diňe bir ykdysady taýdan ähmiýetli bolmak bilen çäklenmän, eýsem syýasy taýdan hem wajyp ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrligine, Beýik Britaniýanyň “Garanti Koza LLP” kompaniýasy bilen bilelikde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda kuwwaty 254 MWt bolan kombinirlenen gaz turbinaly elektrik stansiýanyň gurluşygy 2007-nji ýylyň dekabrynda başlanyp, 2010-njy ýylyň aprelinde ulanmaga tabşyryldy. Bu elektrik stansiýada öndüriljek elektrik energiýasy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşjek syýahatçyyk desgalaryny, Türkmenbaşy şäheriniň ilatly ýerlerini we senagatyny elektrik energiýasy bilen doly hem ygtybarly üpjün eder. Balkanabatda hem şu hili elektrik stansiýa işe girizildi. Elektrik stansiýalaryň kuwwatynyň artmagy goňşy Eýrana, Türkiýä satylýan elektrik energiýanyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik döreder.

Ahal welaýatynda hem kuwwatlylygy 375 MWt sagada barabar bolan kombinirlenen gaz turbinaly elektrik stansiýasy gurlup, ulanmaga berildi. Bu elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi bilen Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty zerur bolan elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün ediler.

  Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň senagat tehenlogiýa fakultetiniň metallary işläp bejermegiň tehnologiýasy we maşynlary hünäriniň 2-nji ýyl talyby Aýdogdyýewa Göwher