Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz boýunça ähli ugurlarda, ýagny ykdysadyýet, syýasat we medeniýet babatynda ösüşiň uly sepgitlerine ýetildi. Eger ykdysady özgertmeleri alyp görsek, onda ýurdumyzyň ykdysady ösüşini häsiýetlendirýän ähli makroykdysady görkezijiler boýunça oňyn netijeler gazanyldy. Meselem, jemi içerki önümiň hereket eden nyrhlardaky möçberi 2006-2009-njy ýyllarda 2,4 esse artdy. Ýurdumyzyň içerki bazarlarynda harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhlarynyň derejesini häsiýetlendirýän sarp ediş harytlarynyň nyrhlarynyň jemleýji indeksi 2006-njy ýylda 108,2% bolanlygyndan, 2009-njy ýylda 100,1%-e çenli aşaklady. Munuň özi 2009-njy ýylda geçen döwre garanyňda ýurdumyzda ilatymyzyň nominal we hakyky girdejileriniň derejesi deňleşdi diýildigidir. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň giň gerimlerde alnyp barylmagy bilen mizemez baglanyşyklydyr. Ýurtda “Açyk gapylar” syýasatynyň we bu ugurda geçirýän uly möçberli işleriniň netijesinde daşary ykdysady aragatnaşyklarymyzyň esasy görkezijileri düýpli ýokarlanýar hem kämilleşdirilýär. 2006-2009-njy ýyllarda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 83% artdy. Şonda ýurdumyzyň eksporty soňky üç ýylyň içinde ABŞ-nyň 30 mlrd. dollaryndan hem ýokary galdy. Şu döwürde ýurdumyzda önümçilik tehniki maksatly harytlaryň satyn alynmagyna we içerki sarp ediş bazarlarymyzyň haryt üpjünçiliginiň üstüni doldurmaklyga gönükdirilen importyň möçberi ABŞ-nyň 19 mlrd. dollaryna barabar boldy.

Daşary söwda dolanyşygynyň uly möçberde oňyn galyndyly bolmagy ýurdumyzyň töleg balansynyň pugtalanmagy, täze gurluşyklaryň ýokary depginlerde alnyp barylmagy üçin döredilen berk maliýe binýady bolup çykyş etdi.

 Döwletow Meýlis

 Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünariniň 5-nji yyl talyby