Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda döwrebap enjamlaşdyrylan we önümleri eksporta niýetlenen dokma senagaty döredildi. Dokma senagaty gysga döwrüň içinde Türkmenistanyň dokma önümlerini dünýa tanatdy we ýurda gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň artmagyna getirdi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň dokma senagatynyň wajyp sosial meseleleri çözmekde-de ähmiýeti örän uludyr. Bu pudagyň kärhanalarynyň aglabasy etrap merkezlerinde, şäherçelerde, obalarda guruldy. Bu bolsa, oba we kiçi şäherleriň ilatynyň iş üpjünçiliginiň hem-de pul girdejileriniň ýokarlanmagyna getirdi. Toplumyň öndürýän önümleriniň esasy bölegi Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň paýyna düşýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe dokma pudagynyň önümçilik kuwwatlylygy ep-esli ýokarlandy. Bu işleriň netijesinde pagta süýmüniň gaýtadan işleniliş derejesini düýpli artdyrmaga ýardam etdi.
Bellenilen sepgitlere ýetmek üçin ministrlikde hereket edýän bazary öwreniş ulgamy has döwrebap guralyp, söwdanyň möçberleri artdyrylar. Şeýle-de, dokma pudagynyň kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň assortimenti yzygiderli täzelenip, önümleri giňden mahabatlandyrmak boýunça degişli işler geçirler. Taýýar önümleriň bahasyny arzanlatmak, şonuň bilen birlikde, olaryň bäsleşige ukyplylygyny gazanmak maksady bilen, ýurdumyzda öndürilmeýän kömekçi materiallary, himikatlary, boýaglary, ätiýaçlyk şaýlaryny we ş.m. harytlary öndürijiler bilen göni şertnamalary baglaşmak arkaly işleşmek ýola goýuldy.
Şeýle-de bolsa bu pudagyna berilýän hemaýatlar, gön kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly güýjünde işlemegini üpjün etdi. Bu bolsa, aýakgap kärhanalarynyň esasy çig mala – gön önümlerine bolan islegini öz öndürýän gön önümlerimiz bilen doly üpjün etmäge şert döretdi. Täze Galkynyş eýýamynda öndürilen önümleriň baha we haryt görnüşinde meýilleşdirilen möçberi artdyryldy. Bu ösüş kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmagynyň we 2007-nji ýylda işe girizilen Aşgabat dokma toplumynyň hem-de Abadan şäherindäki nah egriji fabriginiň doly önümçilik kuwwatlylygynda işlemeginiň hasabyna üpjün edildi. Şonuň ýaly-da ýokary görkezijiler, Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabyndaky umumy bahasy ABŞ-nyň 27,8 million dollaryna deň bolan, ýyllyk kuwwatlylygy 1,0 million boý metre deň panbarhat matasyny öndürýän fabrigiň hem-de Aşgabat şäherindäki umumy bahasy ABŞ-nyň 7,5 million dollaryna deň bolan, ýyllyk kuwwatlylygy 4200 tonna lukmançylyk pamygy, 12,4 million gap timar beriş serişdelerini öndürýän fabriginiň ulanmaga berilmegi bilen baglydyr. Bulardan başga-da Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe kuwwatlygy ýylda 30 müň tonna bolan iki sany pamyk egriji fabrikleri Daşoguz we Lebap welaýatlarynda guruldy we işe girizildi. Şularyň netijesinde, müňden gowrak iş orunlary döredildi we ýurdumyzyň özünde pagta süýmüniň gaýtadan işleniş derejesini has ýokarlanmaga mümkinçilik berdi.
Narkulyýewa Çinar
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň
1-nji ýyl talyby