Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2024-nji ýyly “Pähim-paýgas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi taryhy syýasy ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz “Pyragynyň şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr” diýmek bilen nusgawy şahyrymyza uly sarpa goýýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz taýsyz tagallalary netijesinde, ata-babalarymyyzyň goýup giden akyl-paýhas mirasyny mynasyp sarpalamak, olary içgin öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär.
Magtymgyly türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanýar, ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar Magtymguly Pyragy dagynlyk türkmen tireleriniň birleşip, bir bitewi – özbaşdak berkarar döwlet gurmagyny arzuw edipdir. Tire taýpalar birleşip, agzybir ýurda öwrülse, olaryň çöregi bir suprada eda edilse, halkynyň ykbalynyň göterijiligine berk ynanypdyr. Türkmeniň bagtynyň gözbaşynyň agzybirlikdedigine çuň göz ýetiripdir. Şonuň üçin şahyr halkyny agzibirlige biri-biri bilen dost, dogan bolmaga çagyrypdyr:
Tireler gardaşlar, urug ýarydyr…
Mertler ata çyksa, söweş sarydyr.
Ýa-da
Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn erär topraklar, daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň
Beýik şahyr halkda watançylyk duýgularyny ösdürmek bilen, ýurt binasynyň haýym goýulmagyny, halkynyň abadançylygyny, asuda durmuşda ýaşamagyny arzuw edipdir. Munuň üçin parahatçylygyň zerurlygyny nygtapdyr:
Türkmen ilim, eý adamzat!
Azat il, güzer gözlärin.
Halkymyzyň ruhy sütüni bolan beýik akyldar Magtymgulynyň köňlünde beslän bu mukaddes arzuw-islegleri, umutlary häzirki döwürde hasyl boldy.
Wepa Durdyýew
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak okuwynyň 2-nji ýyl diňleýjisi