Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda dünýä ýüzünde barha pajarlap ösýän döwletleriň hataryna girýär. Häzirki döwürde şahyryň sarpasy belentden tutulýar. Her ýylyň iýun aýynyň üçünji ongünlüginde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzda dabaraly bellenilip geçilýär. Ýurdumyzyň iň bir abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, ýurdumyzyň birnäçe şäherleriniň dürli köçelerine, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyna we başgada birnäçe ýerlere şahyryň belent adynyň dakylmagy, häzirki wagtda bolsa Aşgabat şäheriniň iň bir gözel künjekleriniň birinde, gojaman Köpetdagyň eteginde şahyryň belent heýkeliniň gurulmagy Magtymguly Pyraga goýulýan uly sarpanyň nyşanydyr.

Gahryman Arkadagymyz milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýyna bagyşlap “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly döreden şirin şygry türkmen halkymyza, ilkinji nobatda, milli edebiýatymyza ýapylan serpaý boldy. ”Köpetdagyň eteginde galdy bu gün ör boýuna, Onuň Aly jenaby Magtymguly Pyragy” diýip belläp geçmegi Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna aýratyn hormat goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz öz şygrynda Magtymguly atamyza “Onuň Alyjenaby” diýip ýüzlenmek bilen, şahyryň mertebesini ýene-de bir gezek belende göterýär, ony ähli köňülleriň, şygryýet dünýäsiniň hökmürowany hökmünde sarpalaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgynyň her bir sözünde, setirinde örän çuňňur many bar.

Türkmen halkynyň edebi mirasyny uly üns we alada bilen gurşap alan türkmen alymlarynyň Magtymguly Pyragy baradaky pikirlerine giň ýol açan hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Öwezberdiýew Begençmuhammet

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň Maglumat Tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 5-nji ýyl talyby