Menejment sözüniň manysy iňlis ýa-da rus dillerinden terjime edilende ”el – ruka – rukowodit – dolandyrmak” bolup, ol umuman dolandyrmagy ýa-da hojalygy alyp barmagy aňladýar. Menejment – munuň özi bazar gatnașyklarynda hereket edýän kärhanany dolandyrmagyň ykdysady gurlușynyn esaslaryny, wezipelerini we usullaryny ulanyp, maddy we zahmetserișdelerini tygsytly ulanmak ýoly bilen islendik hojalyk ișiniň gidișinde kesgitlenilen maksada ýetmäge ugrukdyrylan özbașdak amala așyrylýan ișiň görnüșidir. Menejmentiň ahyrky maksady bolup önümçiligiň ösüșiniň gidișini rejeli guramak ýoly bilen peýdalylygy ýa-da düșewüntliligi üpjün etmek bolup durýar. Menejmentiň wajyp wezipeleri– alyjylaryň islegini hasaba almak bilen bar bolan maddy we adam çeșmeleriniň esasynda hem-de karhananyň ișiniň düșewüntliligini we durnukly ýagdaýyny üpjün edip, harytlary we hyzmatlary öndürmegi guramakdan ybarat.

Menejment düşünjesiniň dörän ýeri bolan ösen bazar ykdysadyýetli ýurtlarda alym ykdysatçylar tarapyndan ol birnäçe topara bölünýän esasy sypatlar bilen, ýagny umumy menejment, administratiw dolandyrma hem-de psihologiýa we adam gatnașygy nukdaýnazaryndan dolandyrmak diýen ugurlara jemlenen sypatlar bilen häsiýetlenýär (M. P. Fonet, F. Teýlor, A.Faýol, A.Moslou we bașg.). Șonda mazmunyna șeýle kesgitlemeler berilýär:

– menejment boýunça iș kesgitli hünär bolup durýar we gurama umuman üstünlikli ýerine ýetirmegi bir ýere jemlemeden ýeňiș gazanýar;

– menejment diýmek öňünden görmek-guramak, buýruk bermek, ylalașmak, gözegçilik etmek diýmekdir;

– ișiň ýerine ýetirilmegini bașga șahsyýetleriň kömegi bilen üpjun etmek.

Menejment üçin dolandyryșa șu așakdaky ylmy ýörelgeler häsiýetlidir:

1. Dolandyrmaga ösüșiň gidiși hökmünde çemeleșme. Ișe bir wagtlyk zeruryýet hökmünde däl-de üznüksiz arabaglanyșykly hereketleriň yzygiderliligi, ýagny dolandyrmagyň șu wezipeleri hökmünde garalýar: meýilnamalaș-dyrmak-guramak-buýruk bermekdelillendirmek-ýolbașçylyk etmek- sazlașdyrmak – gözegçilik etmekișgärleri seçip almak – wekilçilik etmek – gepleșikleri alyp barmak (gepleșikleri baglașmak).

2. Ýagdaýlaýyn çemeleșme – dolandyrmagyň ýagdaý bilen kesgitlenýän birnäçe usullarynyň ýaramlylygy.

3. Ulgamlaýyn çemeleșme – arabaglanyșykly aýratyn bölekleriň jemlenmegini guramak: adamlar – düzüm gurlușy – dürli maksatlary gazanmaklyga ugrukdyrylan wezipeler we tehnologiýa.

Menejmentiň manysynda esasy zat adam faktorynyň dolandyryșda ileri tutulýandygyndan ybarat.

 Gylyçtaganowa Çynar

 Türkmen oba hojalyk institutynyň

 Weterinar lukmançylygy fakultetiniň

    5-nji ýyl talyby