14-nji ýanwarda Aşgabatda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly 2020-nji ýylda «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçiriljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi.
Halkara maslahatynyň dabaraly açylyşyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Bu maslahata gatnaşmak üçin abraýly halkara guramalaryň wekilleri Aşgabada geldiler. Şeýle hem, bu çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň, ÝHHG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň, Bütindünýä Bankynyň, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň, Aziýa Ösüş Bankynyň we beýleki halkara guramalaryň sebitleýin ýolbaşçylary, Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýerli we daşary ýurt KHBS wekilleri maslahata gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Ýolbaşçysy Natalýa Drozd, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Lýubomir Frebort, BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň Sebitleýin edarasynyň Başlygy hanym Aşita Mittal, ÝUNESKO-nyň Tähran şäherinde ýerleşýän Klaster edarasynyň Başlygy Swetan Swetkowskiý, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komisarynyň müdirliginiň Sebitleýin Edarasynyň direktory Ýasuko Oda dagylar çykyş etdiler.