Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ylyma-bileme ukuply, işbaşarjaň, durmuşyň islendik ugurlaryndan baş alyp çykarýan, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge ukuply ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak babatda alada edip, ýaşlary ylymyň bilimiň ak ýoluna atarýar. Ýaşlaryň döwrümiziň ruhuna kybap ösüp kemala gelmegi, isleg bildirýän hünärlerini öwrenip, mynasyp kesp-käre eýe bolmaklary we zähmetde, döredijilikde, ylymda öz ukup-başarnygyny görkezmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Elbetde, okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen eziz watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklmak we öwrenmek milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, wäatansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, şeýle hem olarda belent ruhy-ahlak ýörelgelerini kemala getirmek, ösüp gelýän nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek işine möhüm ähmiýet berilýär.
Elbetde, munuň özenini Esasy Kanunymyzda berkidilen kadalar emele getirýär. Ýeri gelende aýtsak, Konstitusiýamyzyň 40-njy maddasynda: “Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär” diýip bellenilendir. Ýaşlar baradaky aladanyň ýurdumyzda Kanunlar bbilen berkidilmegi ýurdumyzda Ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigine şaýatlyk edýär. Türkmen ýaşlaryna şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyz özümiziň sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Goý olaryň janlary sag, işleri rowaç, belent başlary aman bolsun!
Mekan Mämmedow
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginň institutynyň Hukuk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby