Kitap bu hakyky hazynadyr we bilimiň açarydyr. Kitap bolmasa biziň taryhymyz hem bolmazdy. Gahryman Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi”atly kitabynda şeýle diýilýär: “Kitap okamaýan görenini görer, kitap okaýan dünýäni görer”, “Kitap okaýanyň ruhy baý”, “Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir”. Bu dana sözlerde örän uly many bar. Kitap adamy terbiýeleýän, durmuşyň kynçylyklaryna taýýarlaýan, adama öwüt-nesihat berip, dogry ýoly görkezýän we adamda ynsanlygy oýandyrýan dostdyr. Entäk çaga döwrümizden başlap, kitaby elimize alyp onuň jadyly sahypalaryny dörüp, syrlaryny keşp etmäne başlaýarys. Eger-de adamda sorag ýüze çykanda ýa-da durmuşyň kynçylyklary bilen ýüzleşende ol çözgüdini kitapdan gözlemeli.

Ösümlige suw berdigiňçe ösmäge, gögermäge başlaýar. Kitap hem hyýal üçin suw bolup hyzmat edýär, adam näçe köp kitap okasa onuň hyýal düşünjesi, dünýägaraýşy şonçada giňelýär. Kitap okamak-bu dünýädäki iň ajaýyp zatlaryň biridir. Ol adamyň elinden alyp bolmajak iň gowy mümkinçlilik berer. Okamak- hakykaty, dogryçyllygy, gözelligi, ynsanylygy gözlemekdir. Okamak iňňe bilen guýy gazan ýalydyr, tutanýerlilik we sabyr talap edýär. Kitap okamagyň hiç hili erbet täsiri yok, üstesine köp peýdalary bardyr. Adamlar kitap okamagyň olara getiren peýdalary hakynda pikir hem edýän däldir. Onuň örän köp peýdalary bardyr. Kitap okamagyň iň uly peýdasy hem beýnimizi türgenleşdirýär. Haçan adam kitap okap başlanda dünýägaraýyşy giňelýär. Munda başga-da kitap okamak stresi azaldýar.

Ýatmazdan ozal kitap okamagyň 5 peýdasy:

• Döredijilikli pikirlenmegiň ösmegi

• Ünsüň güýçlenmegi

• Maglumat gorunyň baýlaşmagy

• Dartgynlylygyň aýrylmagy

• Çalt uklamak

Elbetde, ylmyň we tehnologiýanyň, jemgyýetiň we medeniýetiň ösüşi bizi pikirlerimizi täzeden gözden geçirmäge mejbur edýär diýip belleýäris. Şeýle-de bolsa bu düýbünden dogry däl. Hemişe ösüşde bolmak isleýän adam kitap okamakdan lezzet alamlydyr. Kitap okamakdan lezzet almagyň käbir aýratynlykary bardyr, olar:

• Göz öňüňe getirmek

• Ruh saglygy

• Ynamlylyk

• Söz baýlygy

• Ünsüň jemlenmegi

• Ýat we pikirlenmek

• Gözýetim

Kitap okamagyň halka şonuň ýaly-da okaýan adama psihologiki taýdan peýdalary hem bardyr:

• Maglumat arkaly akylyň goragyny kepillendirmek,

• Adamyň ýatkeşliginiň ýitelmegi,

• Beýniniň işjeňliginiň artmagy,

• Ýerliksiz gorkularyň aýrylmagy we özüňi erkin duýmak,

• Dogry hereketlere ugrukdyrýan maglumatlary gazanmak,

• Akyl taýdan yzagalaklykdan goranmak.

Adam boş wagtyny kitap okap, dogry peýdalanmalydyr. Kitap okamak bilen baglanyşykly birnäçe maglumatlary köpçülige ýetirmek häzirki ösen tehnologiýalar döwründe kitap okamaklygyň hem zerurlygynyň örän ulydygyny, ösen tehnologiýalar bilen bilelikde kitap hem biziň salgylanmamyz bolmalydygyny, kitap okamagyň hem adamlar üçin gündelik endige öwrülmegi esasy maksatdyr.

Jeren GALANDAROWA,
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.