Jemgyýetiň sosial strukturasy bilen baglanyşykly meseleler “Sosiologiýa” dersinde giňişleýin beýan edilýär.Täze döreýän sosial toparlar, gatlaklar we synplar ozalkylardan bütinleý diýen ýaly tapawutlanýarlar. Şonuň ýaly-da bu özgerişleri derňemeklik üçin ulanylýan ylmy çemeleşmeleri hem diňe marksistik garaýyş bilen çäklemeklik hakykylygy açmaklyga kömek edip bilmeýär. Täze Galkynyş eýýamynda türkmen jemgyýetiniň sosial düzüminde bolup geçen üýtgeşiklikler barada söhbete geçmezden ozal jemgyýetiň sosial düzümi baradaky taglymatlaryň käbiriniň üstünde durup geçeliň. Jemgyýet ýöne bir mähelle üýşmeleňi bolup bilmeýär. Onuň hökmany suratda sosial düzümi we düzüm bölekleri bolýar. Özara gatnaşykda we baglanyşykda bolýan sosial toparlaryň, şonuň ýaly-da sosial edaralaryň birleşmesi hem olaryň özara täsirleri sosial düzümi döredýär. Sosial düzümiň barlygy we onuň ösüşiniň mehanizmi adam hereketiniň ulgamynda ýerleşýär. Ýaşamaklyk üçin adamlar belli bar gatnaşyklara girişýärler, toparlara birigýärler, özara wezipeleri bölüşýärler. Topar döretmeklik işinde zähmet bölünşigi kesgitleýji orna eýe bolýar. Onuň sosial gatnaşyklaryň taryhyny düşündirmeklikdäki ähmiýeti hem uly. Sosial gatnaşyklar sosial toparlaryň we edaralaryň arasyndaky durnukly hem kadalaşan guramaçylyk-tehniki, ykdysady, aňyýet baglanyşyklaryň biri-biri bilen gatyşmasy bolýar. Sosial toparlaryň islegleri we bähbitleri jemgyýetçilik gatnaşyklaryň aýratyn görnüşi bolan sosial gatnaşyklara ulgamlaýyn hem bitewileýin häsiýeti berýär. Jemgyýetiň sosial düzümini dürli sosial toparlar, sosiai edaralar we zähmet aýratynlygy hem jemgyýetdäki orny bilen tapawutlanýan sosial gatlaklar düzýärler. Sosial toparlar sosial gatnaşyklar ulgamyndaky ornuna, özleriniň isleglerine we bähbitlerine, şonuň ýaly-da özleriniň oňlaýan gymmatlyklaryna görä kemala gelýärler. Sosial edara adam hereketiniň dürli gurşawlaryny sazlaşdyrýan düzgünleriň, kadalaryň we ýörelgeleriň toplumydyr. Sosial edara adam hereketini dürli rollaryň we statuslaryň ulgamy görnüşine getirip, sosial ulgamy gurnaýar. Bu ýerde sosial edara belli bir durmuşy islegleri kanagatlandyrmaklyga gönükdirilen orunlaryň we statuslaryň jemi bolup çykyş edýär. Jemgyýetiň sosial düzümi özara baglanyşykly toparlaryň we edaralaryň durnuklylygyny hem netijeli hereketini üpjün edýär. Jemgyýetiň sosial düzümi barada dürli hili taglymatlar bar. Olar: sosial deňsizlik taglymaty; synpy tag- lymat; sosial edaralar taglymaty. Sosial deňsizlik taglymatyň aýratynlygy. Bu taglymat aýry-aýry şahsyýetleriň we jemgyýetçilik toparlaryň jemgyýetde tutýan ornuny görkezmeklik üçin “sosial statius” diýen düşünjäni girizýär. Şonda sosial düzüm-jemgyýetdäki derejeleriň ulgamy hökmünde aňladylýar. Jemgyýetiň ähli görnüşlerinde deňsizlik bolupdyr. Hatda adamlaryň baýlyk derejesi bilen tapawutlanmaýan ýöntem jemgyýet gurluşlarynda erkek bilen zenanlaryň, ýaşuly nesiller bilen ýaşkiçi nesilleriň arasynda tapawut bolan. Ol ýa-da beýleki adam jemgyýetde şowly awçylyk, miwe ýygnamak başarnygy bilen we başga işlere görä ýokary dereje eýeläp bilen. Jemgyýeti öwrenýän ylymlarda deňsizligiň dürli görnüşlerini suratlandyrmaklyk üçin sosial stratifikasiýa adalgasy ulanylýar. Stratifikasiýa dürli adam toparlarynyň arasynda bar bolan düzüm deňsizligi hökmünde kesgitlenýär. Jemgyýeti, onuň ierarhiki düzüminde stratalar görnüşinde göz öňüne getirse bolýar. Ýeňilliklerden peýdalanýan adamlardan durýan stratalar ierarhiki düzümiň iň ýokarsynda ýerleşýärler. Iň az ýeňilliklere eýe bolan adamlardan durýan stratalar bolsa onuň esasynda bolýarlar. Stratifikasiýa ulgamynyň esasy bolup: gulçulyk, gatlak we synp çykyş edýärler. Gulçulykda aýratyn adamyň başga biriniň eýeçiligi bolany sebäpli, ol deňsizligiň göze dürtme görnüşi bolýar. Dürli jemgyýetlerde gulçulyk dürli görnüşlere eýe bolan we wagtyň geçmegi bilen ol deňsizligiň beýleki görnüşlerine öz omuny beren. Adaty jemgyýetde sosial gatlaklar ulgamy berkäp başlaýar. Adaty türkmen jemgyýetinde hanlar we begzadalar ýokary gatlagy düzen bolsalar, ruhanylar ortaky gatlagy düzenler. Daýhanlary, söwdägärleri we başgalary birikdirýän üçinji gatlak garamaýaklar gatlagy bolan. Synplary uly adam toparlary görnüşinde kesgitlese bolar. Olar özleriniň ýaşaýyş görnüşlerine güýçli täsir edýän durmuşy-ykdysady baýlyklary bilen biri-birinden tapawutlanýarlar. Deňsizligiň şu we beýleki görnüşlerini açyp görkezýän dürli taglymatlar bar. Olaryň içinde häzirki döwürde K.Marks we M.Weber tarapyndan işlenip düzülen jemgyýetiň sosial düzimi baradaky taglymatlar täsirli bolýar. Olar aýry-aýry şahsyýetleriň we jemgyýetçilik toparlaryň jemgyýetde tutýan ornuny, sosial status düşinjesiniň manysyny açmaklyga, sosial düzüme jemgyýetdäki statuslaň ulgamy hökmünde aňlamaga kömek edýärler. Karl Marks (1818-1883) nemes filosofy, ykdysadyýetçidir. Onuň jemgyýetiň sosial düzümi baradaky taglymaty taryhy ösüşe eýeçilige we baýlyga gözegçilik üçin göreşiň gerekliginden gelip çykýar. Zähmet bölünşigi esasynda ýüze çykýan bu göreşiň netijesinde gapma-garşylykly bähbitlere eýe bolan synplar döreýär. Taryhyň dürli döwürlerinde agalyk edýän önümçilik usulyna görä synplaryň tebigaty üýtgeýär. Şeýlelikde, kapitalizmiň şertlerinde öz zähmeti bilen baýlyklary döredýänleriň hem-de önümçilik serişdeleriniň eýeleriniň arasynda dawa ýüze çykýar. Marksyň pikiriçe antogonistik toparlaryň arasyndaky dartgynlyk sosial özgerişiň çeşmesidir. Şonuň üçin onuň taglymatyny synplaryň göreşi baradaky taglymat diýip atlandyrsa bolar. XX asyryň agyr we kyn sapaklary jemgyýetiň özgerişine diňe synplaryň biri-birine garşy durmaklarynyň, göreşiniň netijesi hökmünde däl-de, ol özgerişe sosial toparlaryň hem gatlaklaryň sazlaşygynyň netijesi hökmünde garamaklygy talap edýär. Şeýle garaýyş has hem düýpli özgerişler döwründe milli bitewilik barada alada etmekligiň gerekligini görkezýär. Şonuň üçin marksizm häzirki jemgyýetiň sosial düzüminde bolup geçýän özgerişleri doly häsiýetlendirip bilmeýär. M.Weber (1864-1920) nemes filosofy, sosiology, taryhçysydyr. Ol jemgyýetiň synplara bölünmekliginiň esasyny ykdysady şertleriň düzýänligi barada K.Marks bilen ylalaşýar. Şol bir wagtda hem onuň pikiriçe synplara bölünmeklik diňe bir adamyň eýeçilige eýe bolmaklygy ýa-da önümçilik serişdelerine doly ýa-da çäkli gözegçiligi bilen kesgitlenmän, eýsem, eýeçilige göni dahylly bolmadyk ykdysady tapawut bilen hem kesgitlenýär. Olar meselem, işgäriň hereketiniň görnüşini kesgitleýän iş endigi we hünärmenlik derejesi bolup bilerler. Jemgyýetiň synplara bölünmeginiň bir esasy hökmünde hünärmenlik derejesi, diplomyň barlygy, işgäriň başarnygy hem bolup biler. Şonuň ýaly-da Weber stratifikasiýa ulgamynyň esasy hökmünde adamyň statusyny we onuň partiýa degişliligini görkezýär. Status sosial toparlaryň ýa-da adamlaryň arasyndaky tapawudy, olaryň jemgyýetde eýeleýän orny bilen tapawutlandyrýar. Diýmek, status takyk hukuklara we borçlara eýe bolan adamyň jemgyýetde tutýan orny bolýar. Adam köp hili statuslara eýe bolup biler, ýöne olaryň haýsy hem bolsa, biri esasy bolup, onuň jemgyýetdäki ornuny kesgitleýär. Adamlaryň statusy boýunça dürlüligi, olaryň ol ýa-da beýleki synpa degişliliginden tapawutlanýar. Eger adamyň synpa degişliligi ykdysady esaslar bilen kesgitlenýän bolsa, onuň statusy özüne bagly esaslar bilen kesgitlenýär, meselem, bilim, hünär derejesi, ýaşaýyş görnüşi we başgalar. Weberiň pikiriçe adamyň partiýa degişliligi hem sosial stratifikasiýa täsir edýär.
Muhammedow Ilýasmuhammet
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby