Häzirki zaman dünýämizde dürli mobil telefonlary zarýadlandyrmak üçin dürli enjamlaryň we kabelleriň dürli-dürli bolmagy adamy biynjalyk edýän närseleriň biri. Ýewroparlament zarýad berýan enjamlaryň ählisiniň bir ölçegde bolmagyny isleýär.
Häzirki wagtda çenli iri öndürijileri bir bitewi standarta geçirmek başartmandy. Strasburgda geçen gepleşiklerde öndürijileri bir standarta geçirmeklige borçlandyrmak karar edildi. Elbetde, munuň bilen enjamlaryň iri öndürijileri razylaşman biler. Çünki, sarp edijileriň isleglerinden başga-da, öndürijileriň girdejileri hem bar ahyryn.