Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ösüşiň aýdyň ýoluna düşdi. Milli ykdysadyýetimizde durnukly ösüş gazanylýar. Türkmenistan ösen döwletlere deň derejedäki hyzmatdaş hökmünde özüni tanatdy. Döwletimiziň kanunçylyk ulgamynda hem rowaçlyklara eýe boldy.

Ýurduň Konstitutsiýasy döwletiň Baş kanunydyr. Konstitutsiýa döwletiň hukuk ýagdaýynyň kesgitlemesi we ösüşiniň esasy ugurlary beýan edilýär. Şeýle hem raýatlaryň saglyga, zähmete, bilime, ylyma, saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklary kepillendirýär.

Konstitutsiýa döwletiň hereket edýän kanunçylygynyň esas goýujy binýadydyr. Ol döwletimiziň esasy syýasy-hukuk bolup, onda adam hukuklary, azatlyklary we borçlary, hukuk ulgamynyň ýörelgeler kesgitlenilýär. Türkmenistanyň Konstitutsiýasy kanunyň rüstemligini ykrar etmek bilen, hemmeleriň kanunyň öňünde deňdigini, jemgyýetiň gymmatly hazynasynyň adamdygyny, raýatyň abraýyny mertebesini we azatlygynydöwletiň goraýandygyny beýan edýär. Şeýle hem onda her bir raýatyň kanunlardan gelip çykýan borçlaryny ýerine ýetirmekde döwletiň öňünde jogapkärdigini görkezilýär.

Türkmenistanyň Konstitutsiýasy kadalaşdyryjy hukuknamalar ulgamynda, hukuk taýdan iň ýokary güýje eýedir. Şunuň bilen baglylykda onda berkidilen kadalar we düzgünler Türkmenistanyň bütin çäginde herket edýärler.

Ýurdmyzy hukuk döwleti hökmünde adalatly alyp barýan, ata watanymyzy ak ýollardan belent-belent sepgitlere ýetirýän Hormatly Prezidentimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hukuk ulgamyny has-da pugtalandyrmakda ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuşy gowulandyrmakda bitiren işleri üçin özümiziň çäksiz minnetdarçylygymyzy bildirýäris! Goý Olaryň janlary sag, ömürleri uzak, il ähmiýetli umumy adamzat ähmiýetli işlerinde ulu-uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris!

Rejep ALMAZOW,

Türkmenistanyň serhet institutynyň uly mugallymy.