Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Federal salgyt gullugynyň ýolbaşçysy Mihail Mişustini Ýurduň hökümetiniň başlygy wezipesine bellemek hakynda karara gol çekdi. Mundan öň, Russiýanyň Döwlet Dumasy munuň üçin öz razylygyny berdi. Penşenbe güni plenar mejlisde 383 deputat «razy» diýip ses berdi. 41 deputat saklandy, «garşy» ýok.
Ses berlişikden öň çykyşynda Mişustin Ministrler Kabinetine ägirt uly işleriň garaşýandygyny, munuň üçin özünde meýilnamalaryň we serişdeleriň bardygyny belledi.Ol Ministrler Kabinetiniň täze düzümini ýakyn wagtda, täze hökümet ugruny bolsa aprel aýynda hödürlejekdigini belledi.
Prezident Wladimir Putiniň Konstitutsiýa üýtgeşme girizmek hakyndaky tekliplerinden soň, 15-nji ýanwarda Dmitriý Medwedewiň ýolbaşçylygynda Russiýanyň hökümeti wezipesinden aýryldy. Mundan soň, W.Putin Mihail Mişustini premýer-ministr wezipesine hödürledi.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Mihail Mişustin Russiýa Federasiýasynyň täze premýer-ministri bellenildi
Mihail Mişustin Russiýa Federasiýasynyň täze premýer-ministri bellenildi
