Önümiň özüne düşýän gymmatynyň gurluşy (strukturasy) diýip, onuň maddalar we elementler boýunça düzümine we doly önümiň özüne düşýän gymmadyndaky paýyna aýdylýar. Ol hemişe hereketde bolýar we oňa şeýle faktorlar täsir edýär:

1)Kärhananyň aýratynlygy (spesifikasiýasy). Şunuň esasynda tapawutlandyrýarlar: zähmet talap ediji kärhanalar (önümiň özüne düşýän gymmadynda ýokary iş hakynyň paýynyň bolmagy); material talap ediji (material çykdajylarynyň paýynyň ýokary bolmagy); fond talap ediji (amortizasiýanyň ýokary paýy); energiýa talap ediji (önümiň özüne düşýän gymmadynda ýangyjyň we energiýanyň paýynyň uly bolmagy).

2)Ylmy-tehniki progresi (ösüşi) çaltlandyrmak. Bu faktor önümiň özüne düşýän gymmadyna köp taraplaýyn täsir edýär, ýöne esasy täsir önümiň özüne düşýän gymmatda janly zähmetiň paýy ýokarlanýar.

3)Önümçiligi guramagyň jemgyýetçilik formalary.

4)Kärhananyň geografiki ýerleşýän ýeri.

5)Hümmetsizlenme we bank karzlarynyň stawkalarynyň göterimleriniň üýtgemegi.

Önümiň özüne düşýän gymmatynyň gurluşyny şeýle görkezijiler häsiýetlendirýär:

– maddylaşdyrylan we janly zähmetiň arasyndaky gatnaşygy;

– doly çykdajylaryň düzüminde aýry elementleriň we maddalaryň paýy;

– hemişelik we üýtgeýän çykdajylaryň, esasy we (esasy däl) ýüklenen çykdajylaryň, önümçilik we täjirçilik (önümçilik däl) çykdajylaryň, göni we gytaklaýyn we beýlekileriň arasyndaky gatnaşyklary.

 Haýdarow Elhan

 Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň Maglumat Tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň Kompýuter ulgamlaryň programma üpjünçilikleri hünäriniň 1-nji ýyl talyby